17/01/2021 4:13
Home TEHNOLOGIÝA “Samsung”-dan täze funksiýa garaşylýar

“Samsung”-dan täze funksiýa garaşylýar

Häzirki wagtda akylly telefonlaryň ulanyjylary, özleriniň telefonlarynda barmak yzy skaneri ýa-da paroly bolmazdan ýüzüni çalt açyp bolýan funksiýa öwrenişdi. Indi bolsa dünýä belli “Samsung” kompaniýasy bu funksiýany, täze biometrik tanamak usuly bilen döwrebaplaşdyrjak bolýa. Has takygy kompaniýanyň täze öndürjek “Galaxy S21” akylly telefonynda, telefonyň gulpyny sesiň bilen açyp bolar. Bu barada kompaniýanyň “Sammobile” muşdaklarynyň jemgyýeti habar berýär. Häzirki zaman akylly telefonlary adamlaryň sesini tapawutlandyrmagy başarýar. 2013-nji ýylda ses tanamak üçin aýratyn çipli “Moto X” telefony peýda bolupdy. “Samsung” kompaniýasy bolsa bu tehnologiýany, gysga sözlem bilen telefony çalt açmak üçin ulanmak isleýär. Meselem ulanyjy awtoulagda oturan mahaly bu ses bilen açmak usuly örän peýdaly bolup biler. Kompaniýa ses bilen telefony dolandyrmak üçin has köp mümkinçiligi durmuşa geçirmek isleýär. Bu usul nähili derejede howpsuz bolup biljekdigi barada akylly telefonyň tanyşdyrylyş dabarasynda nygtalyp geçiler. “Samsung Galaxy S21” akylly telefony indiki ýylyň ýanwar aýynda peýda bolup biler.

 

Söhbetdeşlik Sahypamyz

Ýurdumyzyň sungat ussatlary bilen taýýarlanan bir-birinden gyzykly söhbetdeşlikleri bu sahypamyzdan okap bilersiňiz!

Okap bilersiňiz  COVID-19: Türkmenistan sanjym satyn alar

 

IŇ TÄZE HABARLAR

Türkmen türgeniniň mynasyp “altyn” medaly

Mälim bolşy ýaly, 2018-nji ýyla paýtagtymyz Aşgabatda agyr atletika boýunça Dünýä çempionaty geçirilipdi. Bu çempionat köp sanly rekordlar hem-de gazanylan uly sport üstünlikleri bilen...

Meşhur futbolçy karýerasyny tamamlap, tälimçi boldy

Angliýanyň milli ýygyndysynyň hem-de “Mançester Ýunaýted” toparynyň meşhur ozalky hüjümçisi, milli ýygyndylarynyň taryhyndaky iň köp gol geçiren futbolçylardan Ueýn Runi futbol karýerasyny tamamlady. Ol...

Dünýäniň iň köp ilatly ýurdunda köpçülikleýin sanjyma girişildi

Dünýäniň iň köp ilatly ýurtlarynyň biri hasaplanýan Hindistanda koronawirus ýokanjyna garşy köpçülikleýin sanjyma girişildi. Bu barada metbugat gulluklary habar berýär. Bu köpçülikleýin sanjym etmek işine...

Metbugat ýygnagy: Türkmenistan Owganystany hemmetaraplaýyn goldaýar

Paýtagtymyz Aşgabatda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklar institutynda daşary ýurtly köpçülikleýin habar beriş serişdeleri üçin metbugat ýygnagy geçirildi.
Okap bilersiňiz  14 ýaşly professor
Oňa ýurdumyzyň hökümet agzalary, Türkmenistanyň daşary...
- Advertisment -
- Advertisment -
- Advertisment -
- Advertisment -

KÖP OKALÝAN

Ýurdumyzyň käbir gazetlerinde baş redaktoryň orunbasary wezipesi ýapyldy

Türkmenistanyň käbir gazetlerinde baş redaktoryň orunbasary wezipesi ýapyldy. Düýn Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bu barada degişli Karara gol çekdi. Wise-premýer M.Mämmedowanyň Hökümetiň Türkmenabat şäherinde geçirilen...

Russiýanyň paýtagtynda türkmen restorany açyldy

Russiýanyň paýtagty Moskwa şäheriniň ýaşaýjylary we onuň myhmanlary Täze ýyl dynç alşynyň dowam edýän günlerinde golaýda Moskwa şäherinde açylan “Aşgabat” atly restoranda türkmen tagamlaryny...

Dünýäniň iň köp ilatly ýurdunda köpçülikleýin sanjyma girişildi

Dünýäniň iň köp ilatly ýurtlarynyň biri hasaplanýan Hindistanda koronawirus ýokanjyna garşy köpçülikleýin sanjyma girişildi. Bu barada metbugat gulluklary habar berýär. Bu köpçülikleýin sanjym etmek işine...

Türkmen okuwçylarynyň halkara üstünligi

Gazagystan Respublikasynda 7-12-nji ýanwar aralykda geçirilen matematika, fizika we informatika dersleri boýunça Halkara ders bäsleşiginde türkmen mekdep okuwçylary üstünlikli çykyş etdi. Ozal habar berlişi ýaly,...