17/01/2021 5:21
Home TEHNOLOGIÝA Kosmosdaky zibiller arassalanar

Kosmosdaky zibiller arassalanar

Ýewropa orbitadaky kosmos zibillerini arassalamagy göz öňünde tutýar. Munuň üçin 102 million dollar sarp ediler.

Ýewropanyň Kosmos agentligi Şweýsariýanyň “ClearSpace SA” kompaniýasy bilen bu ugurda degişli şertnama baglaşdy. Şweýsar kompaniýasy älem giňişligindäki zibilleri Ýer ýüzüne getirer.

“ClearSpace SA” bilen baglaşylan şertnama laýyklykda, 2025-nji ýylda Ýeriň orbitasyndaky zibilleri arassalamak işine girişiler. Ýörite kosmos enjamy bilen emeli hemralary älem giňişligine çykarýan raketalaryň galyndylaryny ýygnap alar. Bilermenler köpden bäri, Ýeriň daşyndan aýlanýan dürli galyndylaryň emeli hemralara we Halkara kosmos bekedine howp döredýändigini belläp geçýärler.

Häzirki wagtda alymlaryň birnäçe topary bu meseläni çözmegiň üstünde işleýär. Ilki bilen, orbitadan takmynan 112 kilograma barabar galyndylary aýyrmak meýilleşdirilýärler.

 

Dünýä Sahypamyz

Dünýäde bolup geçýän wakalardan habarly bolmak-bu döwrüň talaby!

 

IŇ TÄZE HABARLAR

Türkmen türgeniniň mynasyp “altyn” medaly

Mälim bolşy ýaly, 2018-nji ýyla paýtagtymyz Aşgabatda agyr atletika boýunça Dünýä çempionaty geçirilipdi. Bu çempionat köp sanly rekordlar hem-de gazanylan uly sport üstünlikleri bilen...

Meşhur futbolçy karýerasyny tamamlap, tälimçi boldy

Angliýanyň milli ýygyndysynyň hem-de “Mançester Ýunaýted” toparynyň meşhur ozalky hüjümçisi, milli ýygyndylarynyň taryhyndaky iň köp gol geçiren futbolçylardan Ueýn Runi futbol karýerasyny tamamlady. Ol...

Dünýäniň iň köp ilatly ýurdunda köpçülikleýin sanjyma girişildi

Dünýäniň iň köp ilatly ýurtlarynyň biri hasaplanýan Hindistanda koronawirus ýokanjyna garşy köpçülikleýin sanjyma girişildi. Bu barada metbugat gulluklary habar berýär.
Okap bilersiňiz  27 ýyldan soňra nyşanyny üýtgetdi
Bu köpçülikleýin sanjym etmek işine...

Metbugat ýygnagy: Türkmenistan Owganystany hemmetaraplaýyn goldaýar

Paýtagtymyz Aşgabatda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklar institutynda daşary ýurtly köpçülikleýin habar beriş serişdeleri üçin metbugat ýygnagy geçirildi. Oňa ýurdumyzyň hökümet agzalary, Türkmenistanyň daşary...
- Advertisment -
- Advertisment -
- Advertisment -
- Advertisment -

KÖP OKALÝAN

Ukuda wagty horlanmak mümkinmi?

Her gün iki käse “ulun” çaýyny içmek uky wagtynda hem bedendäki ýaglaryň bölünmegine itergi berip biler. Muny Ýaponiýanyň Sukuba uniwersitetiniň alymlary tarapyndan geçirilen gözlegiň...

Ekologiýa taýdan arassa geljegiň şäherini gurýarlar

Saud Arabystanynyň mirasdüşer şazadasy Muhammet bin Salman döwlet telewideniýesinde özüniň “The Line” taslamasyny yglan etdi. Bu taslamada ýurduň demirgazyk-günbatarynda howa şertlerine zyýan bermejek ekologiýa...

Milli Liderimiz Hytaýyň ilçisini kabul etdi

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Hytaý Halk Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenilen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Sýan Naýçeni kabul etdi. Ilçi döwlet Baştutanymyza wagt tapyp...

Türkmenistanyň we Owganystanyň Prezidentleri möhüm desgalaryň açylyş dabaralaryna gatnaşdy

Şu gün, 2021-nji ýylyň 14-nji ýanwarynda Türkmenistanyň hem-de Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidentleriniň gatnaşmaklarynda Akina – Andhoý beketleriniň aralygyndaky demir ýolunyň, Ymamnazar (Türkmenistan) – Akina...