28/11/2020 18:16
Home TEHNOLOGIÝA Italiýadan dokma enjamlary, Awstriýadan aragatnaşyk enjamlary satyn alnar

Italiýadan dokma enjamlary, Awstriýadan aragatnaşyk enjamlary satyn alnar

Hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň sanly wideoaragatnaşyk arkaly Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde ýurdumyzyň dokma pudagyny hem-de aragatnaşyk ulgamyny has-da ösdürmäge degişli möhüm resminamalara gol çekdi.

ITALIÝADAN DOKMA ENJAMLARY SATYN ALNAR

Hormatly Prezidentimiz dokma senagaty pudagynyň öňünde goýlan wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek, pudagyň maddy-enjamlaýyn binýadyny mundna beýläk-de berkitmek maksady bilen degişli Karara gol çekdi.

Şol resminama laýyklykda, Dokma senagaty ministrligine Baýramaly şäherindäki Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky dokma toplumynda dörediljek düýe ýüňüni we geçi çöprüni egirip, ýylda 130 tonna ýüň ýüplügini öndürýän önümçiligi hem-de Daşoguz pagta egiriji fabriginde dörediljek nah we ýüň galyndylaryny, gamyş we gowaça çöpüni gaýtadan işläp, mebel önümçiliginde we gurluşygynda ulanylýan agaç we izolasiýa serişdeleriniň ýylda 7200 tonnasy öndürýän önümçiligi gurmak üçin Italiýanyň “Cormatex” kompaniýasy bilen şertnama baglaşar.

Italiýanyň kompaniýasy bu enjamlary Türkmenistanyň çägine getirmek, ýerinde gurnamak hem-de sazlamak işlerini amala aşyrar.

AWSTRIÝA KOMPANIÝASYNDAN ARAGATNAŞYK ENJAMLARY ALNAR

Hormatly Prezidentimiziň gol çeken Kararyna laýyklykda, “Turkmenaragatnaşyk” agentligi Awstriýanyň “Heidelberger Druckmaschinen Eastern Europe GmbH” kompaniýasy bilen Türkmenistanda radio ýaýradyş toruny giňeltmek üçin zerur bolan FM radio ýaýradyjy enjamlaryny satyn almak, gurnamak we işe girizmek üçin şertnama baglaşar.

Okap bilersiňiz  Türkmenistan’da İtalya’ya köprü faciası taziyesi
Okap bilersiňiz  Türkmen Lideri’nden Yunanistan’a taziye

 

Syýahatçylyk Sahypamyz

Global pandemiýa şertleri tamamlanandan soňra haýsy ýurda syýahata gitsem diýýänler we syýahat etmegi söýýänleriň sahypasy

 

 

IŇ TÄZE HABARLAR

Maradonanyň ýadygärligi gurlar

Argentinanyň Buenos-Aýres  şäheriniň merkezi halkara howa menzilini dolandyrýan “Aeropuertos Argentina 2000” kompaniýasy, howa menziliň çäginde ýakynda aradan dünýä belli futbolçy Diego Maradonanyň ýadygärligini gurmak...

“Square” 3 günde üç rekord goýdy

Amerikanyň “Square” maliýe hyzmatlary kompaniýasyny 2009-njy ýylda “Twitter” jemgyýetçilik toruny esaslandyran Jek Dorsi we Jim MakKelwi tarapyndan döredildi. 2020-nji ýylda bu kompaniýanyň paýnamasy birden...

Döwürleýin neşirlere diňe pensionerler ýazylyp bilýärler

Kagyz görnüşindäki gazetleriň we žurnallaryň döwri kem-kemden geçmişe öwrülip barýar. 2021-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan Türkmenistandaky gazet-žurnallary abunaçylar elektron görnüşinde okap başlarlar.  Kagyz görnüşindäki gazet-žurnallara...

Türkmen Edebiýatynda “Mugallym” Düşünjesi

“Mugallymlar güni we hepdesi” baradaky makalamyza dowam edýäris.
Okap bilersiňiz  Türkmen trenlerinde restoran hizmeti
Giriş ýerine: Türkmenlerde “ataly-ogul” düşünje talantlylygy, pähim-paýhas ussatlygy bilen baglanyşykly soňky döwre degişli halkara derejesinde nusga görkezilip...
- Advertisment -
- Advertisment -
- Advertisment -
- Advertisment -

KÖP OKALÝAN

Ýubileý konserti

28-nji noýabrda sungat ojagy bolan Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda nemes kompozitory Lýudwik Wan Bethoweniň 250-ýyllygyna bagyşlanan konsert geçirildi. Konsertiň dowamynda Merdan Çaryýew,...

Mugallymlar güni we hepdesi

Giriş ýerine: “Atavatan Türkmenistan” halkara  žurnalynyň hormatly okyjylary!  Doganlyk Türkiýe döwletinde 24-30-njy noýabr “Mugallymlar güni we hepdesi” diýlip ýörite bellenilýär. Şonuň üçin biz-de bu dabaraly...

Türkmenistanly ýaş alym «Balsaýat» sazynyň dünýä gymmatlygyna öwrülip biljekdigine ynanýar

Türkmen milli konserwatoriýasynyň bäşinji ýyl talyby Perhat Hojanýazow öz ylmy gözleglerini «Balsaýat» halk sazynyň çuňluklaryna bagyşlady ― diýip, «Nesil» gazeti habar berýär. Ol bu...

Türkmenistan – Koreýa: hyzmatdaşlygyň gerimi giňelýär

Sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen Söwda, ykdysady, ylmy we tehnologiki hyzmatdaşlyk boýunça Hökümetara türkmen-koreý toparynyň sekizinji mejlisinde giň gerimli ugurlar boýunça özara bähbitli hyzmatdaşlygy diwersifikasiýa...