30/10/2020 13:20
Home TEHNOLOGIÝA “Google”-dan peýdaly funksiýa

“Google”-dan peýdaly funksiýa

Adamlaryň köpüsi aýdymlary diňlemegi söýýärler, hat-da käbir aýdymlary diňläp, özleriniň durmuşynda bolan wakalaryny hem ýada salýarlar. Aýdym adamynyň ýadawsyzlygy aýyrmak üçin hem uly kömek berýär. Adamlarda käwagtlar bir aýdymy gowy görüp heňini kellelerinde hiňlenýärler we ol aýdym hakda sözlerini hem bilmän biler we bular ýaly ýagdaýda internet aýdym saýtlarynda gowy gören aýdymyňy saýlap tapmak hem kynçylyk döredýär. Şu nukdaýnazardan “Google” özüniň “Google Assistant” programmasyny täzeledi, şonuň bilen aýdym-saz muşdaklary hiňlenýän aýdymlarynyň sözlerini we haýsy aýdymçy ýerine ýetirýändigini bilmeýänleri üçin bu programma kömek eder. Munuň üçin akylly telefon ulanyjylar özleriniň “Google” programmasynyň soňky wersiýasyny ýüklemeli, soňra “Google” programmasynyň içindäki mikrofonyny işledip özüňiziň halan aýdymyňyzy hiňlenmeli. “Google Assistant” programmasy siziň hiňlenen aýdymyňyzy 10-15 sekunt diňlär, soňra bolsa siziň aýdymyňyzy saýlamak üçin birnäçe görnüş hödürlär. “Google”, aýdymyň-sazy barmak yzy ýalydygy we hersiniň öz şahsyýeti bardygyny belläp geçýär. Häzirki wagtda “Google” programmasynyň bu täze funksiýasy işleýär, olar “iOS” ulgamynyň iňlis dili görnüşinde we “Android” ulgamlarynyň 20 dillerinde elýeterli bolup durýar.

Okap bilersiňiz  Türkmenistanyň we Palestina Döwletiniň Daşary işler ministrlikleriniň arasynda syýasy geňeşmeler

Ykdysadyýet sahypamyz

Okap bilersiňiz  BMG-niň Ösüş Maksatnamasy bilen tegel stol

Ýurdumyzda we dünýäde bolup geçýän ykdysadyýete degişli täzeliklerden “habardar” bolmak isleýän bolsaňyz, bu sahypa Siziň üçin!

 

Previous articleToparyny güýçlendirýär
Next articleBaky ýaşarlar

IŇ TÄZE HABARLAR

Iň owadan zenan Julia Robertsiň filmleri

Owadan ýylgyryşy bilen meşhurlyga eýe bolan Golliwudyň iň owadan zenanlaryndan biri Julia Roberts karýerasynyň dowamynda köp sanly filmde surata düşdii. 90-njy ýyllary Riçard Giriň...

Ertirlik üçin ýeralmaly peýnirli tagam

Mähriban okyjylar, men bu gezek size ertirlik üçin taýýarlanyşy aňsat we öýüňizde bar bolan zatlar bilen datly tagamyň taýýarlanylyşyny öwretmekçi. Munuň üçin gerekli önümler: 4...

Türkmenistan bilen halkara guramalaryň arasyndaky hyzmatdaşlyk

Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň BMG-niň agentlikleriniň we halkara maliýe institutlarynyň Türkmenistandaky wekilhanalarynyň ýolbaşçylary bilen göni wideoaragatnaşyk arkaly duşuşygy geçirildi.
Okap bilersiňiz  «Malibu» ― täze görnüşde
Duşuşygyň barşynda oňa gatnaşyjylar...

Gadymy söýgi haty

Entek hat ýazuwyň ýok mahalynda habarlary hem-de wakalary şekilleriň üsti bilen mälim edilýän gadymy döwürde hem ýigit bilen gyzyň arasynda söýgi haty bolupdyr. Alymlar...
- Advertisment -
- Advertisment -
- Advertisment -
- Advertisment -

KÖP OKALÝAN

Türkmenistan-BMG: gatnaşyklar pugtalandyrylýar

1991-nji ýylda Garaşsyzlyk derejesine eýe bolan Türkmenistan halkara giňişligine işjeň goşulyşmak, dünýädäki abraýly halkara guramalaryň düzümine girmek boýunça işleri durmuşa geçirip başlady. Turuwbaşdan döwlet...

«Oba hojalygy XXI asyryň başyndaky Internete çalymdaş»

«...sebäbi, häzir dünýäniň oba hojalyk pudagy uly özgertmeleri başdan geçirýär. Pudaga döwrebap tehnologiýalaryň barha giň aralaşmagy bilen, öňde has uly derejelere ýetip boljakdygyny aýdyp...

Ýylyň tutluşygy: Habib bilen Getži duşuşar

Sportuň söweş sungatynyň janköýerleri üçin bu hepde örän gyzykly bolup biler. Russiýaly türgen Habib Nurmagomedow we amerikaly türgen Jastin Getži tutluşygy “UFC 254” ady...

Musa Jalaýew Russiýanyň çempiony bolmak üçin ýaryşar

Türkmenistanly suwda ýüzüji türgen Musa Jalaýew Russiýanyň çempionatyna gatnaşar. Suwda ýüzmek boýunça Bütinrussiýa federasiýasynyň resmi saýtynda berilýän maglumata görä, çempionat 25 ― 30-njy oktýabr günlerinde...