28/11/2020 19:04
Home TEHNOLOGIÝA Dünýädäki iň gymmat awtoulag markasy yglan edildi

Dünýädäki iň gymmat awtoulag markasy yglan edildi

Ýaponiýanyň awtoulag öndürijisi ýene-de dünýäniň iň gymmat awtoulag markasy adyna eýe boldy. “Interbrand” gullugyna salgylanyp, “Dünýäniň iň gymmatly 100 markasy” ýyllyk sanawyna birnäçe awtoulag öndürijileri hem girmegi başardylar. “Toyota” dünýädäki iň gymmat awtoulag markasy diýlip yglan edildi, onuň markasynyň bahasy 51,595 milliard dollar barabar boldy. Onuň yzyndan “Mersedes-Benz”, marka bahasy 49,268 milliard dollar we “BMW” markasy 39,756 milliard dollara barabar boldular. Bu awtoulag öndürijiler umumy sanawda degişlilikde 7-nji, 8-nji we 11-nji orunlara mynasyp boldular. Bu kompaniýalardan soňra “Honda” awtoulag öndürijisi ýerleşdi, onuň marka bahasy 21,694 milliard dollara barabar boldy. Bäşinji oruna bolsa “Hyundai” awtoulag kompaniýasy mynasyp boldy we bu kompaniýanyň marka bahasy 14,295 milliard dollara ýetdi. Häzirki wagtda dünýäde elektroawtoulag öndürijisi “Tesla” bolsa 6-njy orunda ýerleşdi, umumy sanawda bolsa 40-njy orunda galmagy başardy. Ilon Muskyň öndürýän awtoulag markasynyň bahasy 12,785 milliard dollara ýetdi. Bu bolsa dünýä belli amerikan “Ford” kompaniýasyndan 220 million dollar köp bolup durýar. Şeýle hem bu sanawa “Audi”, “Volkswagen”, “Porsche”, “Nissan”, “Ferrari”, “Kia”, “Land Rover” we “Mini” awtoulag markalary girmegi başardylar.

Okap bilersiňiz  Wideo Habar :TOPH gaz geçiriji taslamasy: Hindistanyň gaz bazary
Okap bilersiňiz  Türkmenistan bilen Sierra-Leone Respublikasynyň arasynda diplomatik gatnaşyklar ýola goýuldy

 

Täleýnama Sahypamyz

“Ýyldyzlar näme diýýär” –eger bu soragyň jogaby Sizi gyzyklandyrýan bolsa onda bu sahypamyzy yzygiderli yzarlaň!

 

 

IŇ TÄZE HABARLAR

Maradonanyň ýadygärligi gurlar

Argentinanyň Buenos-Aýres  şäheriniň merkezi halkara howa menzilini dolandyrýan “Aeropuertos Argentina 2000” kompaniýasy, howa menziliň çäginde ýakynda aradan dünýä belli futbolçy Diego Maradonanyň ýadygärligini gurmak...

“Square” 3 günde üç rekord goýdy

Amerikanyň “Square” maliýe hyzmatlary kompaniýasyny 2009-njy ýylda “Twitter” jemgyýetçilik toruny esaslandyran Jek Dorsi we Jim MakKelwi tarapyndan döredildi. 2020-nji ýylda bu kompaniýanyň paýnamasy birden...

Döwürleýin neşirlere diňe pensionerler ýazylyp bilýärler

Kagyz görnüşindäki gazetleriň we žurnallaryň döwri kem-kemden geçmişe öwrülip barýar. 2021-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan Türkmenistandaky gazet-žurnallary abunaçylar elektron görnüşinde okap başlarlar.  Kagyz görnüşindäki gazet-žurnallara...

Türkmen Edebiýatynda “Mugallym” Düşünjesi

“Mugallymlar güni we hepdesi” baradaky makalamyza dowam edýäris.
Okap bilersiňiz  Türkmenistan’dan Büyükelçi atamaları
Giriş ýerine: Türkmenlerde “ataly-ogul” düşünje talantlylygy, pähim-paýhas ussatlygy bilen baglanyşykly soňky döwre degişli halkara derejesinde nusga görkezilip...
- Advertisment -
- Advertisment -
- Advertisment -
- Advertisment -

KÖP OKALÝAN

Syýahatçylar çäklendirmelerden azat

Türkiýede daşary ýurtly syýahatçylar dynç alyş günleri üçin girizilen köçä çykmak gadagançylygyndan azat edildi. Olar ýerli raýatlaryň öýde oturmaly wagtynda kireýine alan ulaglary bilen...

Welotrek boýunça dünýä çempionatynyň senesi belli boldy

Hormatly Pezidentimiziň baştutanlygynda geçirilen Ministrler Kabinetiniň sanly wideoaragatnaşyk arkaly mejlisinde Aşgabat şäherinde welotrek boýunça Dünýä çempionatyny geçirmek babatda degişli resminama kabul edildi. Halklaryň arasynda dost-doganlygy,...

Dünýä çempionatynyň unudylmaýan wakasy:  “Taňrynyň eli”

Futbol boýunça dünýä çempionatlary unudylmaýan köp sanly wakalara baý bolýar. Şolaryň biri hem 1986-njy ýylda Meksikada geçirilen dünýä çempionatydyr. Bu çempionat dünýä futbolynyň taryhynyň...

Çempionlar ligasy: “Atalanta”, “Real” ýeňiş gazandy

Çempionlar ligasynyň 4-nji tapgyr oýunlarynyň netijeleri bilen tanyşdyrýarys. “Borussiýa Mýunhengladbah 4:0 Şahtýor” Lars Ştindl 17’ (P) Niko Elwedi 34’ Embolo 45+1’ Oskar Wendt 77’ “Borussiýa Mýunhengladbah” futbol topary, çempionlar ligasynyň...