28/01/2021 11:00
Home TEHNOLOGIÝA 27 ýyldan soňra nyşanyny üýtgetdi

27 ýyldan soňra nyşanyny üýtgetdi

“KIA” awtoulag kompaniýasy, 1994-nji ýylda girizilen we 2004-nji ýylda täzelenen nyşanyny üýtgetdi. Günorta Koreýanyň Inçon şäherinde “KIA”  kompaniýasy 27 ýyldan soňra feýerwerkde golýazma görnüşde awtoulag kompaniýasynyň täze nyşanyny görkezdi. Mundan öň kompaniýanyň nyşany “Geň galdyryjy güýç” diýip atlandyrylypdy. Indi bolsa kompaniýanyň täze nyşany “Ylham berýän hereket” diýip atlandyryldy.

“KIA” awtoulag kompaniýasy hakda gysgaça maglumat…

Günorta Koreýanyň “KIA” kompaniýasy 1944-nji ýylda “Kyungsung Precision” senagaty diýip esaslandyryldy. Kompaniýanyň ady “Gündogardan dogmak” diýip atlandyrylýar. 1973-nji ýylda özüniň ilkinji awtoulagyny ýygnap başlady. Kompaniýanyň ýolbaşçysy Son Ho-Son bolup durýar. Onuň ştab-kwartirasy Günorta Koreýanyň Seul şäherinde ýerleşýär. Bu kompaniýa Günorta Koreýada “Hyundai Motor” kompaniýasyndan soňra ikinji uly awtoulag öndürijisi bolup hasaplanylýar. Bu kompaniýanyň iň köp satan awtoulag görnüşleri “KIA Sportage”, “KIA Forte” we “KIA Rio” awtoulaglary bolup durýar.

 

Wideo Habarlar Sahypamyz

Saýtymyzyň wideo habarlar sahypasy –geljekde iň işjeň sahypalaryň biri bolsa gerek. Häzirki döwürde bu sahypamyza birnäçe wideo rolik ýerleşdirilendir.

 

IŇ TÄZE HABARLAR

YHG-niň Baş sekretary bilen onlaýn duşuşyk

Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Ykdysady hyzmatdaşlyk guramasynyň (YHG) Baş sekretary Hadi Soleýmanpur bilen göni wideoaragatnaşyk arkaly duşuşygy geçirildi.
Okap bilersiňiz  Türkmenistan bilen Özbegistanyň arasynda syýasy we ykdysady geňeşmeler geçirildi
Duşuşygyň barşynda taraplar Ykdysady hyzmatdaşlyk...

Pomidor agajy

Gündelik durmuşymyzda esasy azyk önümi hökmünde giňden ulanylýan  pomidoryň diňe bir otjumak görnüşi däl-de, eýsem edil beýleki miweli baglar ýaly agaç görnüşi hem ösýär....

Eşitme ukyby bolmadyk (lal) adamlar bilen nädip aragatnaşyk saklamaly?

Eger-de ýoldan geçenimizde öňümizden kömege mätäç adam çykanynda, kömek etmäge çalyşýarys. Eger-de ol adamda gürlemek ukyby bolmasa näme etmeli? Kömek etmän gitsek bolarmy? Umuman...

Türkmenistanyň adalat ministrine hormatly at dakyldy

Türkmenistanyň Prezidenti Serhet institutynda Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň giňişleýin göçme mejlisini geçirdi. Şol mejlisiň barşynda Türkmenistanyň adalat ministri B.Muhamedowa hormat at dakyldy. Bu barada "Watan"...
- Advertisment -
- Advertisment -
- Advertisment -
- Advertisment -

KÖP OKALÝAN

Oba hojalyk önümçiligi innowasion ösüş ýolunda

Türkmenistanyň oba hojalygy ýokary depginler bilen ösýän pudaklaryň hataryna degişlidir. Oba zähmetkeşleri içerki bazary halkymyzyň sarp edýän ýokary hilli azyk önümleri bilen üpjün etmäge...

Medeniýetiň we edebiýatyň ägirtleri elektron gollanmada jemlenýär

“Türkmenistan-parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” ýylynda ýurdumyzda bilim ulgamyndaky özgertmeler esasynda ýaş nesliň beden we ruhy taýdan kadaly ösmegi, bilimiň döwrebaplaşdyrylmagy ýaly maksatnamalaýyn işleriň gerimini...

“Umytly dalaşgär”

Sabyrsyzlyk bilen gyzynyň habaryna garaşyp oturan Dünýä gelnejäniň el telefonyna jaň geldi we ol jaň edýäniň kimdigine-de seretmän dessine aldy. Jaň edýän kişi bolsa...

Sanly ykdysadyýetde alnyp barylýan işler

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde milli ykdysadyýetimizi diwersifikasiýalaşdyryp ösdürmek, ýurdyň töleg ulgamyny dünýäniň öňdebaryjy döwletleriniň derejesine ýetirmek, ilatyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini...