Tehnologiýa kompaniýasy maýa goýum goýýar

Häzirki wagtda dünýäde elektrik ulag pudagyna ägirt uly üns berilýär. Şol sanda hem tehnologiýa kompaniýalar bu pudaga gyzyklanma bildirip, eýýäm käbir kompaniýalar bilen bu taslamanyň üstünde birnäçe işlerini geçirýärler. Muňa mysal edip, Amerikanyň “Apple” kompaniýasy  özüniň  elektrik ulag taslamasynyň üstünde işleýär we öndürijiler bilen yzygiderli gepleşikleri geçirýär. Mundan başga-da, Hytaýyň “Xiaomi” kompaniýasy hem öz elektrik ulaglaryny öndürmek isleýändigini bildirdi we golaýdaky 10 ýylda 10 milliard dollar maýa goýjakdygyny mälim etdi.

Ýene-de bir tehnologiýa ägirdi hasaplanylýan “Huawei” kompaniýasy bu ugurda öz bäsdeşlerinden yza galmak islemeýär. Kompaniýa elektrik ulaglaryny we awtonom hereketlendiriş tehnologiýalaryny öwrenmek we ösdürmek üçin 1 milliard dollar maýa goýjakdygyny nygtap geçdi.

Häzirki wagtda “Huawei” tehnologiýa kompaniýasy Hytaýyň “Changan Automobile” awtoulag öndüriji kompaniýasy we beýleki birnäçe öndürijiler bilen elektrik ulagyny öndürmek babatynda gepleşikleri alyp barýar.

“Hytaýda satylan her awtoulagdan ortaça 10.000 ýuan gazanyp bilsek, bu “Huawei” kompaniýasy üçin eýýäm uly iş bolar” diýip, kompaniýanyň başlygynyň orunbasary Erik Ýu buýsanç bilen belläp geçýär.

 

Halkara nebit we gaz uniwersiteti “Açyk Gapylar” gününe çagyrýar