TEHNOLOGIÝA

Tehnologik mirap

«Valley» kompaniýasy tarapyndan hödürlenilýän «Valley 365» gözegçilik gurluşy ekinleriňiziň hakyky miraby bolup biler. Bu gurluş damjalaýyn suwaryş we suwuň topraga ekine täsirini gözegçilikde saklaýan maglumat we dolandyryş ulgamlaryny öz içine alýar.

«Valley 365» türkmen diline terjime edilende, «Jülge 365» diýmegi aňladýar. Ýagny, täze tehnologik gurluş ýylyň bütin dowamynda ekinleriň suwaryş bilen bagly ýagdaýyna gözegçilik edýär.

Kompaniýanyň wekilleriniň aýtmagyna görä, akylly-başly suwaryş bol hasyl almakda esasy orunlaryň birini eýeleýär. Täze gurluş topragyň haýsy ýerine has köp ýa-da haýsy ýerine az mukdarda suwuň gerekdigini kesgitleýär we şoňa görä suwarýar.

Ýene-de okaň

Şäherara ilkinji uçýan taksi synag edildi

Hytaýda emeli aň bilen ilkinji multfilm taýýarlandy

“Galaxy Ring” atly “akylly” ýüzük tanyşdyrylar

Emeli aň 2 trillion dollarlyk kompaniýany emele getirdi

Ata Watan Eserleri

52 ýyldan soňra ABŞ Aýa kosmos gämisini gondurdy

“Akylly” ýüzükler bazarynda bäsdeşlik ýokarlanýar