JEMGYÝET

Tebigy gazdan ammiak we metanol öndüriler

“Türkmengaz” döwlet konserni tarapyndan tebigy gazy gaýtadan işlemek boýunça täze taslamalar taýýarlanýar. Bular barada Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly geçirilen mejlisinde hasabat berildi.

“Watan” habarlar gepleşiginde bellenilip geçilişi ýaly, gazhimiýa senagatynda ulanylýan tehnologiýalaryň ygtyýarnamasynyň eýesi bolan Daniýanyň “Haldor Topsoe” kompaniýasy bilen hyzmatdaşlygy netijeli dowam etdirmek hem-de onuň ygtyýarnamasy esasynda tebigy gazy gaýtadan işläp, ammiak we metanol önümçilik boýunça kiçi göwrümli gazhimiýa zawodyny gurmak boýunça gepleşikler geçirilýär.

Bu taslama boýunça tehniki-ykdysady esaslandyrmalary taýýarlamakdan kompaniýanyň tehnologik we täjirçilik maglumatlaryny ulanmak maksady bilen taraplaryň arasynda özara düşünişmek hakyndaky ähtnamanyň taslamasy taýýarlandy.

 

Türkmenistan Yslam Ösüş bankynyň düzümine agza bolar

Ýene-de okaň

Pezeşkian: Türkmenistan bilen söwda gatnaşyklarymyzy giňelderis

Türkmen halkynyň Milli Lideri: Tatarystan bilen gatnaşyklaryň ösdürilmegine uly baha berýäris

Türkmenistanyň Prezidentiniň Tatarystan Respublikasynyň Baştutany bilen duşuşygy

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleriniň Türkiýä sapary

Ata Watan Eserleri

Eýranda 3-nji Hazar ykdysady forumy geçirildi

Türkmenistanyň diplomatik işgärleriniň güni bellendi