Tbilisi şäherinde Türkmenistanyň we Gruziýanyň işewür toparlarynyň wekilleriniň duşuşyklary geçirildi

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-gruzin toparynyň çäginde 2023-nji ýylyň 6-njy iýunynda Tbiliside iki ýurduň telekeçileriniň, şeýle hem Türkmenistan we Gruziýanyň Söwda-senagat edaralarynyň wekilleriniň arasynda ikitaraplaýyn duşuşyklary geçirildi.

Türkmenistanyň we Gruziýanyň işewür toparlarynyň arasynda özara bähbitli hyzmatdaşlygyň geljegi, hususan-da, senagat, energetika, oba hojalygy we ulag pudaklarynda bar bolan iri söwda-ykdysady we maýa goýum mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Gatnaşanlar milli önümleri mahabatlandyrmak, işewür hyzmatdaşlygy ösdürmek, maýa goýumlaryny çekmek we kiçi we orta telekeçiligi ösdürmek üçin taraplaryň söwda-ykdysady çärelere gatnaşmagynyň möhümdigini bellediler.

Duşuşygyň dowamynda iki ýurduň milli ykdysadyýetiň ösmegine, häzirki zaman senagat, maliýe we söwda infrastrukturasynyň emele gelmegine, telekeçilik işi üçin amatly şertleriň döredilmegine, telekeçiligiň ähli görnüşiniň hemmetaraplaýyn ösmegine, işewür toparlarynyň arasynda söwda-ykdysady, ylmy-döredijilik gatnaşyklarynda iki ýurdyň Söwda-senagat edaralarynyň ähmiýeti bellenildi.

Ýene-de okaň

Türkmen wekiliýeti Ýaponiýadaky ykdysady we energetika maslahatyna gatnaşdy

“Arkadag” toparynyň ýeňlişsiz ýoly dowam edýär

Patyşa Karl III Türkmenistanyň Prezidentini gutlady

Garaşsyzlyk-bagtymyz

Gazagystanyň Prezidenti Germaniýada saparda bolar

Dünýäde ilkinji ýüzýän metjit Dubaýda açylar

Babuşkin: Astrahan bilen Türkmenbaşy şäheriniň arasynda awiagatnawlary açmagy maslahatlaşdyk

 Gije ýene öz ertekisini otardy

Türkmen türgeni Aziýa oýunlarynda bürünç medal gazandy

Balkan welaýatynda iri himiýa zawody gurlar

450 töweregi raýat döwlet sylaglaryna mynasyp boldular

Türkmenistanyň Prezidenti Russiýa Federasiýasynyň Astrahan oblastynyň gubernatoryny kabul etdi

Türkmenistanyň Gazagystan Respublikasyndaky konsuly wezipä bellenildi

Amerikanyň iň gowy ýokary okuw mekdepleri yglan edildi : iň gowy 30 uniwersitet

Baş Redaktor

26-njy sentýabr ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

“Merkezi Aziýa-Hytaý” formatynda ulag ministrleriň birinji duşuşygy geçirildi

Olaf Şolz Merkezi Aziýanyň Prezidentleri bilen duşuşar

Türkmenistanyň Gruziýadaky ılçihanasy Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 32 ýyllygyna bagyşlanan brifing geçirdi

“Arçabil” myhmanhanasynda halkara media forumy geçirildi

Türkmenistanyň raýatlygyna kabul edilen adamlara pasportlary gowşuryldy

Ata Watan Eserleri