Täzeden serhetlerini açýar

Ýakyn wagtda Täze Zelandiýa täzeden serhetlerini açmaga taýýarlyk görýär. Mälim bolşy ýaly, koronawirus pandemiýasy sebäpli ýurduň serhetleri wagtlaýynça ýapylypdy. bu serhetleri täzeden diňe doly sanjym alanlara açmak meýilleşdirilýär.

2022-nji ýylyň ýanwar aýyndan başlap, daşary ýurtlardaky öz raýatlary kabul edip başlaýar. Aprel aýyndan bolsa, syýahatçylara gapylaryny açar.

Bilşimiz ýaly, Täze Zelandiýa pandemiýa başlandan soňra has berk çäklendiriş çärelerini kabul etdi. Hatda awgusta aýyndaky koronawirusyň “delta” görnüşiniň çalt ýaýramagynyň öňüni almakda hem kynçylyk çekdi.

Şonuň üçin ýurduň hökümeti wirusdan doly saplanmak üçin göreş alyp baryp, bir tarapdan hem onuň bilen ýaşamagy dowam etdirmegi hem göz öňünde tutýar. Ýurduň iň iri şäherlerinden biri bolan Oklend 2-nji dekabrdan çäklendirmeleri gowşadýar. Bu şäherde kafeler, restoranlar we sport merkezleri täzeden açylar.

 

Türkmenistanyň we Owganystanyň wekilleriniň duşuşygy geçirildi

 

 



ÝENE-DE OKAŇ

Braziliýanyň Prezidenti Žair Bolsonaru Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putiniň çakylygy boýunça 2022-nji ýylyň birinji çärýeginde Russiýada saparda bolar. - Russiýanyň Prezidenti bizi Russiýa çagyrdy. Çakylyk kabul edildi. Meniň üçin bu örän hormatdyr. Bu biziň ýurtlarymyzyň arasynda ähli mümkinçilikleri açýar - diýip, Bolsonaru hepdelik çykyşynda mälim etdi. Braziliýanyň lideriniň aýtmagyna görä, bu saparyň fewral-mart aýlarynda bolmagyna garaşylýar. Bolsanaru köp sanly ministrler bu...
Energetika ministrliginiň binasynda sanly ulgam arkaly Söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we ynsanperwer hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-gyrgyz toparynyň nobatdaky bäşinji mejlisi geçirildi. Toparyň işine iki dostlukly ýurduň esasy ministrlikleriniň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň we işewür toparlarynyň ýolbaşçylary hem-de wekilleri gatnaşdylar. Duşuşygyň gün tertibine bar bolan döwletara ylalaşyklaryň durmuşa geçirilişine hem-de Türkmenistan bilen Gyrgyz Respublikasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlaryna degişli meseleleriň giň toplumy...
Angliýada koronawirus pandemiýasyna garşy sanjymlaryň ýedisinde geçirilen barlaglar üçünji sanjym babatynda «Pfizer» we «Modernanyň» has netijelidigini ýüze çykardy. Şeýlelikde, üçünji sanjymlar babatynda ilkinji synaglar hem tamamlandy. Aslynda, iňlis hökümeti üçünji sanjym üçin, hut, şu iki sanjymy saýlap aldy. Olaryň urulmagy bilen bedeniň kesele garşy göreşijiligi has güýçlenýär. Geçirilen deslapky barlaglar üçünji sanjymyň keseliň täze ştammy bolan «Omikron» görnüşiniň öňüni almakda hem...
1992-nji ýylyň 3-nji dekabrynda aragatnaşyk tehnologiýalarynyň ösüşiniň taryhynda möhüm tapgyra öwrülen bir waka bolup geçdi. Ýagny, bu gün dünýäde ilkinji SMS iberildi. Gysga tekst habarlaryny ibermegiň has giňden ýaýramagy, bu wakanyň öýjükli aragatnaşygyň taryhynda möhüm ähmiýete eýe bolandygyny tassyklaýar. Şeýle hyzmaty döretmek pikiri bolsa, 1980-nji ýyllaryň ortalarynda, GSM standartyny döretmek boýunça işler alnyp barylanda ýüze çykypdyr. Taslamanyň çäginde Ýewropaly...
Dil-aragatnaşyk serişdesidir. Sözleýiş hakykaty şöhlelendirmegiň  adama mahsus bolan görnüşidir. Dil we sözleýiş aň we pikirlenme bilen gönüden göni baglanyşykly bolup, pikirlenmäni beýan edýär. Çaganyň dil öwrenýän wagty-mekdebe çenli ýaşly döwrüne gabat gelýär. Çaga 5-6 ýaşy dolýança öz ene dilinde arkaýýyn geplemegi, öz pikirini aýdyň beýan etmegi çagany terbiýelemekdäki möhüm meseleleriniň biridir. Çaganyň ene dilindäki sesleri dogry aýtmagy, sözleri we...
18,713FansLike
19,500FollowersFollow
907FollowersFollow
417SubscribersSubscribe

Iň täze habarlar