TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

Täze ýylyň ilkinji hoş habary: sanjymy ulanmaga rugsat berildi

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy ABŞ-nyň “Pfizer” bilen Germaniýanyň “BioNTech” kompaniýalarynyň bilelikde işläp düzen koronawirus ýokanjyna garşy sanjymynyň gyssagly ulanylmagyny tassyklady. Bu bilen baglanyşykly beýanatda “Global elýeterliligi gazanmak üçin örän oňyn ädim” diýlip bellenildi.

BSGG guramasynyň 2020-nji ýylyň tamamlanmagyna birnäçe sagat galanda beren beýanatyna görä, “Pfizer” we “BioNTech” kompaniýalarynyň hyzmatdaşlygyda işlenip düzülen “Covid-19” sanjymynyň gyssagly ulanmak üçin tassyklanandygy habar berildi.

BSGG-nyň baş direktorynyň orunbasary Dr. Mariangela Simao bu barada beren beýanatynda ” Covid-19 sanjymlaryna global elýeterliligi üpjün etmek üçin diýseň oňyn ädim” diýdi.

Şeýle hem Simao sanjymlary dünýäniň ähli ýurtlaryna deň paýlamak üçin uly global tagallanyň zerurdygyny aýtdy.

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň we hyzmatdaşlarynyň “howpsuzlyk we netijelilik standartlaryna laýyk gelýän beýleki sanjymlary bahalandyrmak üçin gije-gündiz işleýändiklerini” mälim eden Simao epidemiýanyň soňlanmagy üçin ähli ýurtlar üçin sanjym üpjünçiliginiň möhümdigini aýtdy.

“Pfizer” bilen “BioNTech” kompaniýalary sanjym üpjünçiligi üçin ABŞ, Ýewropa Bileleşigi, Angliýa, Kanada we Ýaponiýa bilen şertnamalar baglaşdy. ABŞ hökümeti, sanjym üstünlik gazanan halatynda 100 million doza sanjymy satyn almak üçin 1,95 milliard dollar tölemäge söz berdi, şol bir wagtyň özünde Ýewropa Bileleşigi 300 million doza, Angliýa 40 million doza, Kanada 20 million doza we Ýaponiýa 120 million doza satyn almak üçin öňünden şertnama baglaşdy.

Kompaniýa 2021-nji ýylyň ahyryna çenli sanjymyň takmynan 1,3 milliard dozasyny öndürmegi meýilleşdirýär.

Siz habarlar saýtymyza girilen dessine Size bildiriş gelmegini isleýän bolsaňyz onda “Atavatan Türkmenistan” halkara žurnalynyň  www.atavatan-turkmenistan.com   saýtynyň ýakynda hyzmata giren Android ulgamynda işleýän Applikasyýasyny şu ýere basyp ýa-da aşakdaky suratyň üstine basyp öz telefonyňyza ýükläp alyň! Eger Siz bu habary kompýuteriň üsti bilen okaýan bolsaňyz, el telefonyňyzyň Google Plaý dükanyndan “Atavatan Turkmenistan” ýazyp biziň Applikasyýamyzy indirip mugt alyp bilersiňiz!

 

Internet ulgamynda www.makulsozluk.com domaini bilen hereket edýän sanly we sesli Akylly sözlük taslamasy bilen tanşyň!

Tehnologiýa Sahypamyz

Tehnologiýa dünýäsinde bolup geçýän wakalar we täze açyşlar bilen gyzyklanmaýan okyjy ýok bolsa gerek!

 

Ýene-de okaň

Türkiýä awiabilet satyn almagyň täze salgysy: “Hoş syýahat”

“Türk howa ýollary” awiakompaniýasy: Biletlerde ýene arzaladyş

Baş Redaktor

Halkara uçarlaryň ählisi Aşgabatdan amala aşyrylar :Stambul, Dubaý we beýlekiler

Baş Redaktor

Teswirle