TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
DÜNÝÄ

Täze ýylyň ilkinji güni 370 müň bäbek dünýä indi

2021-nji ýylda tutuş dünýäde 140 million çaga dünýä iner. Olaryň ömrüniň ortaça dowamlylygynyň 84 ýyl boljakdygy çaklanylýar. Bu barada Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar Gaznasy (ÝUNISEF) habar berýär.

Täze – 2021-nji ýylyň ilkinji güni 370 müň bäbek dünýä indi. Şol bäbekleriň ýarysyna golaýy dünýäniň 10 ýurdunda doguldy: Hindistan – 59995, Hytaý – 35615, Nigeriýa – 21439, Pakistan – 14161, Indoneziýa – 12336, Efiopiýa – 12006, ABŞ – 10312,  Müsür – 9455, Bangladeş – 9236 и Demokratik Kongo Respublikasy – 8640.

ÝUNISEF-iň ýerine ýetiriji direktory Genrietta For 2021-nji ýylyň ilkinji günlerinde doglan bäbekleriň bir ýyl ozalkydan düýpgöter tapawutly dünýäde peýda bolandygyny aýtdy. Ol: “Geliň, 2021-nji ýyl üçin çagalar üçin has adalatly, has ygtybarly we sagdyn ýyl edeliň!” diýip belledi.

Şeýle hem ol 2021-nji ýylda ÝUNISEF-iň 75 ýyllygynyň belleniljekdigini ýatlady. Genrietta For häzirki wagtda dünýäde çylşyrymly ýagdaýyň dowam edýän döwründe, global pandemiýa, çökgünlik, garyplygyň ýokarlanmagy bilen ýüzbe-ýüz bolunýan döwürde ÝUNISEF-iň işine zerurlyk öňküsinden has hem ýokary bolup durýandygyny belledi.

 

Ata Watan Eserleri Sahypamyz

Saýtymyzyň döredijilik topary tarapyndan geçirilip gelinýän bäsleşikler boýunça degişli makalalary we habarlary “Ata Watan Eserleri” sahypamyzdan okap bilersiňiz. Bäsleşiklere gatnaşan eserleriň ählisi saýtymyzyň bu sahypasynda ýerleşdirildi.

 

Ýene-de okaň

Meredow we Çawuşogly : telefon arkaly gynanç bildirildi

Baş Redaktor

Türkiýede 7 günlük milli ýas yglan edildi

Türkmenistanyň ýolbaşçylary Siriýanyň Prezidentine gynanç bildirdi

Teswirle