TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
JEMGYÝET

Täze ýylda ýyldyzlara şowlulyk garaşýar

Hormatly okyjylar! Indi biz birnäçe wagt bäri saýtymyza hepdelik täleýnamany ýerleşdirmegi dowam etdirip gelýäris. Ynha, indi ýene-de sanlyja günden 2020-nji
ýyl tamamlanýar. Biz hem Täze ýyl baýramçylygy mynasybetli «Baýramçylyk
täleýnamany» taýýarlamagy makul bildik.

Hawa, Täze ýyl gündogar täleýnamasy boýunça sygyr ýyly. Sygyr ýyly iň bir bereketli, düşümli ýyllaryň biri hasaplanýar. Sygyr ýylynda doglanlar arzuwçyl, sada, sypaýy, aladaçyl, zähmetsöýer bolýarlar. Sygyr ýylynda doglanlar esasan hem özleriniň däl ýakynlarynyň ýagny maşgalasynyň, ýan ýoldaşynyň, dost-ýarlarynyň aladasyny edýärler. Olar kyn günüňde dadyňa ýetişýänlerdendir. Olaryň zähmetsöýerligi ýylyň dowamynda sagdyn bolmagyna ýardam edýär.

Sygyr ýylynda doglanlar, köplenç, ýolbaşçy wezipelerde, guramaçy, komik artisti, syýasatçy, hukukçy, ylmy işgär, telekeçi, telegepleşikleriň alyp baryjysy, ýazyjy, sazanda ýaly kärlerde zähmet çekmegi halaýarlar.

Sygyr ýyly şowly wakalara baý ýyllaryň biri bolar. Täze ýyl uly-uly taslamalaryň, arzuw-hyýallaryň amala aşjak ýyly bolar. Täze ýyl bereketli ýylyň biri bolar.

Sygyr ýylynyň müçäniň beýleki ýyllaryna täsiri:

Syçan. 2021-nji ýyl syçan ýylynda doglanlara şowlulyklar, belent sepgitler garaşýar. Sygyr ýylynda täze wezipelere bellenmekde ýa-da hususy telekeçilige ugrukmakda uly ýol açylar. Syçan ýylynda doglanlaryň maşgalasynda durmuş toýlary, bäbek, maşyn, jaý toýlary toýlanar. Ýöne, syçan ýylynda doglanlar biraz saglygyna ünsli çemeleşmelidirler.

Sygyr. Täze ýyl sygyr ýylynda doglanlar üçin başagaý, işli ýyllaryň biri bolar. Ýöne beýle diýildigi, ruhdan düşmeli däl. Siz ýylyň dowamynda çeken zähmetiňiziň miwesini görersiňiz. Ekin ekýän babadaýhanlaryň ekini bol hasyl berip, çeken zähmetleri ýerine düşer. Bu bolsa, sizi geljekdäki işleriňize hem has-da ruhlandyrar.

Bars. Bars ýylynda doglanlar Täze ýyl düşümli bolar. Olaryň işi öňkiden hem gowulanar. Saglyk babatynda aýdanymyzda bolsa, barslaryň saglygy «jan saglygy tut ýaly» diýilişi ýaly sagdyn bolar. Geljek ýylda olar sylag-serpaýa, garaşylmadyk ajaýyp sowgatlara mynasyp bolarlar. Bars ýylynda doglanlaryň maşgalasynda uly özgertmeler bolup geçer.

Towşan. Sygyr ýyly towşan ýylynda doglanlara täze jaý satyn almak, hususy işi ýola goýmak, ýaş towşanlara bolsa durmuş gurmak ýaly wakalar garaşýar. Olar buýylda ýokary wezipelere çekilip biler. Şonuň üçin hem olar has-da tijenmegi zerurdyr. Saglyk barada aýdanymyz towşan ýylynda doglanlar ýylyň dowamynda şypahanalarda dynç almak maslahat berilýär.

Luw. Luw müçe sanawynda bäşinji ýerde durýar. Täze ýylda bu belgide doglanlara şowlulyklar, üstünlikler garaşýar. Bu ýylda luw ýylynda doglanlar ýadawlygyny duýan badyna dynç almagy unutmaly däldirler. Sygyr ýyly ykbalöwrülişikli wakalara baý ýyllaryň biri bolar. Täze ýyl luwlar üçin uly taslamalaryň, arzuw-hyýallaryň amala aşjak ýyly bolar.

Ýylan. Ýylan ýylynda doglanlaryň sungat äleminde zähmet çekip ýörenleri muşdalarynyň goldamagy netijesinde uly meşhurlyk gazanarlar. Ýöne olar gatnaşyk babatda örän ünsli çemeleşmelidirler. Sygyr ýyly ýylan ýylynda oglanlar jaý satyn almak, hususy işleri amala aşyrmakda uly üstünlikler garaşýar. Mümkinçilikleri elden bermäň.

Ýylky. Sygyr ýyly ýylky ýylynda doglanlar üçin mümkinçiliklere baý bolar. Bu ýylda siz köp töwekgelçilik etmeli bolarsyňyz. Ýakynlaryňyz bilen maslahatlaşyň. Käbir töwekgelçilikli edilen hereket siz üçin uly mümkinçilikleri döreder. Ýylky belgisinde doglanlara täze wezipeler, gazançly işler, jaý almak, toý tutmak ýaly wakalar garaşýar.

Koý. Geljek sygyr ýylynda koý müçesinde doglanlara belent sepgitler garaşýar. Olar zähmetsöýerlik bilen işleseler sygyr ýyly koýlar üçin iň bir düşümli ýyllaryň biri bolar. Haýal hereket, ýaltalyk ýaly endikleri taşlamak maslahat berilýär. Dynç almagy soňa goýmak gerek. Haçan-da anyk maksadyňyza ýeteniňizden soň size oňat dynç alyşlar garaşýar.

Bijin. Bijin müçesi astynda doglanlara juda işeňňir, galjaň, şonuň üçin olaryň güýji derrew azalýar. Bu bijinleriň maksatlaryna has-da tiz ýetmeklerine uly ýardam eder. Ýöne saglyk babatynda bu müçede doglanlar örän seresap bolmalydyrlar. Olar haýsydyr bir işiň başyny tutjak bolsalar, güýçlerini dogry hasaplap, öňde goýan maksatlaryny aýdyňlaşdyrmalydyrlar.

Takyk. Takyk müçe sanawynda dokuzynjy ýerde durýar. Olar üçin geljek ýyl örän şowly ýyllaryň biri bolar. Ýylyň birinji ýarymynda jaý edinmegi maksat edinýänler täze jaýa göçerler. Olaryň durmuşynda geljek sygyr ýyly toý dabaralara beslener. Bäbek, jaý, maşyn toý ýaly ajaýyp toý dabaralary dost ýarlary, ýakyn garyndaşlary bilen jebislikde tutarlar.

It. It ýylynda doglanlar örän güýçli we başarjaň bolansoňlar geljek ýyl olar üçin ilkibada başagaý bolarlar. Wagtyň geçmegi bilen hemme zada uýgunlaşarsyňyz. Diňe öz pikiriňiz boýunça däl-de, maşgalaňyzyň, halypalaryňyzyň maslahatlaryny diňlemek maslahat berilýär. Güýjüňizi we wagtyňyzy aýaň. Geljek ýyl siz ýokary wezipelere we ýokary okuw mekdeplerine girip bilersiňiz.

Doňuz. Sygyr ýyly doňuz ýylynda doglanlara şowly bolar. täze ýylyň ilkinji günlerine, hepdelerinde hoş habara garaşybermeli. Il arasynda hormatlanýan abraýly, ruhubelent adamlar bilen köpräk gatnaşyp, şolar bilen iş salyşmaly. Şonda geljek ýylda siziň durmuşyňyzda birnäçe şowlulyklar bolar. Öňde goýan maksadyňyza ýetmek üçin güýç ulanmaňda diňe aklyňyz boýunça hereket ediň.

Hormatly Okyjylarymyz, her bir ýyldyzlar barada giňişleýin maglumat almak isleýän bolsaňyz, onda, aşakdaky linkleri ýeke-ýeke okap bilersiňiz!

Guzy :Müneçjimleriň aýtmagyna görä….Size gowulyk garaşýar

Sowur (Öküzçe)

 

Bilesigeliji Ekizekler (Jöwza) kimler?

 

Okap bilersiňiz  ”Sputnik V” sanjymy Braziliýada-da öndüriler

Duýgur leňňeçler kimler

 

Maksadaokgunly Esetler kimler

 

Owadan Sünbüleler kimler

 

Şadyýan Tereziler kimler

 

Ugurtapyjy akraplar  kimler

 

Öňdebaryjy Kowuslar kimler

 

Sabyrly Jediler (Owlak) kimler

Arzuwçyl Daluwlar kimler

Hepdelik Täleýnamalary  we beýleki habarlary aňsat okamak üçin Täze Applikasiýa: Ata Watan Türkmenistan applikasiýany özüňiziň Android ulgamly mobil telefonyňyza ýükläň! Ýakyn wagtda IOS ulgamynda hem applikasyýamyz hereket edip başlar. Applikasiýany ýüklemek üçin aşakdaky suratyň üstüne basyň!

 

Tehnologiýa Sahypamyz

Tehnologiýa dünýäsinde bolup geçýän wakalar we täze açyşlar bilen gyzyklanmaýan okyjy ýok bolsa gerek!

Ýene-de okaň

Azerbaýjanyň Milli Mejlisiniň başlygynyň Aşgabada sapary

Ata Watan Eserleri

Türkmenistan Russiýanyň Merkezi Aziýadaky strategik hyzmatdaşy

Amerikan işewürleri bilen duşuşyk

Teswirle