Türkmenistanyň Prezidentiniň başlyklyk etmeginde sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisi geçirildi. Onda dekabr aýynda geçiriljek medeni çäreler barada hasabat berildi.
“Watan” habarlar gepleşiginde bellenilip geçilişi ýaly, hususan-da Täze ýyl baýramçylygyna hem-de 2022-nji ýylyň 10-njy dekabry 2023-nji ýylyň 10-njy ýanwary aralygynda Russiýanyň döwlet sirkiniň Aşgabatdaky görkezme çykyşlaryna barada aýdylyp geçildi.
Şu ýylyň 10-njy dekabry bilen 2023-nji ýylyň 10-njy ýanwary aralygynda Russiýanyň döwlet sirkiniň artistleriniň çykyşlary gurnalar.
Täze ýyl mynasybetli baýramçylyk dabaralary ýurdumyzyň Baş arçasynyň yşyklarynyň ýakylmagy bilen badalga alar. Soňra baýramçylyk dabaralary tutuş ýurdumyz boýunça ýaýbaňlandyrylar.
“Ýylyň parlak ýyldyzy” bäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçiriler.
31-nji dekabrda Aşgabat şäherindäki ýurdumyzyň welaýatlaryndaky baýramçylyk meýdançalarynda Täze ýyl mynasybetli medeniýet we sungat ussatlarynyň baýramçylyk konsertlerini, paýtagtymyz bilen welaýatlaryň arasynda Täze ýyl teleköprüsini guramak meýilleşdirilýär.