TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
TEHNOLOGIÝA

Täze “Xiaomi Mi 8 explorer edition” atly akylly telefony

“Xiaomi Mi 8 explorer” atly täze akylly telefonyñ aýratynlyklary: “Mi 8 explorer” akylly telefony “Qualcomm Snapdragon 845” bilen ornaşdyrylan. “Mi 8 explorer” 6.21 dýumli “Amoled” ekrany we “Android 8.1” operatiw ulgamy ýerleşdirilendir. Telefonyñ operatiw ýady 8 GB we 128 GB ýady öz içinde saklaýar. Akylly telefonyñ arka tarapynyñ ýokarky çep tarapynda iki sany 24 MP kamerasy bilen ýerleşdirilendir. Şeýle hem bu telefonda “Face Id” ekranyñ ýüzünde barmak yzyny tanaýan ulgam ornaşdyryldy. Akylly telefonyñ esasy aýratynlygy arka tarapyndaky gapagynyñ açyk görnüşde bolmagydyr, bu bolsa telefonyñ arka tarapyna syn edenimizde, telefonyñ içki ulgamy görünýär. Daşky bezegi boýunça beýleki akylly telefonlardan tapawutlanýar. Telefon iki SIM-karta ulgamy bilen ornaşdyrylandyr. “Xiaomi Mi 8 explorer” akylly telefony gapagynyñ açyk we gyzyl, sary reñkde ulanmaga hödürlener.

Ýene-de okaň

Kosmos syýahatçylygyna Hytaý hem goşulýar

Geljegiň otlusy tanyşdyryldy

Sagatda 300 pizza taýýarlaýan robot

Teswirle