TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
JEMGYÝET

Täze tehnikalar milli telewideniýäniň mümkinçiliklerini artdyrar

Milli telewideniýäniň işini kämilleşdirmek, sanly ykdysadyýete geçmek boýunça döwlet Baştutanyтyň tabşyryklaryny ýerine ýetirmek maksady bilen, pudagara topar döredildi. Geçirilen seljermäniň netijesinde alnan maglumatlaryň esasynda 2025-nji ýyla çenli üç tapgyrda Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň tehniki enjamlaryny döwrebaplaşdyrmagyň meýilnamasy taýýarlandy we döwrebap enjamlary satyn almak boýunça halkara bäsleşik yglan edildi.

«Türkmenistan» gazetinde ýazylyşy ýaly, onuň netijeleri boýunça Ýaponiýanyň «Sony Professional Solutions MEA FZ-LLC» kompaniýasynyň enjamlarynyň hiliniň ygtybarlylygy we dünýä bazarynda uly islegden peýdalanýandygy, teleradio enjamlaryny getirip gurnamakda tejribesiniň has ýokarydygy göz öňünde tutuldy.

Milletiň Lideriniň ýokary hünär derejeli hünärmenleriň taýýarlanmagyna, şeýle hem işgärleriň hünärleriniň kämilleşdirilmegine aýratyn üns bermegiň wajypdygy hakyndaky tabşyryklaryndan ugur alnyp, halkara bäsleşik geçirilende okuw merkeziniň döredilmegi hem göz öňünde tutuldy. Onda täze ornaşdyryljak enjamlary dolandyrjak hünärmenler okadylyp, hünär kämilleşdiriş işleri ýola goýlar. Şeýle-de, bu merkezde tehniki enjamlary bejeriş we abatlaýyş enjamhana merkezi hereket eder. Hünärmenleriň daşary ýurtlara okuw-iş saparlary-da guralar.

Döwrebap tehniki enjamlar 3 tapgyrda ýurdumyza gelip gowşar hem-de olara degişli kompaniýalaryň hünärmenleriniň 2 ýylyň dowamynda gözegçiligi ýola goýlar.

Mälim bolşy ýaly, 2011-nji ýylda açylyp, ulanmaga berlen «Türkmenistan» teleradioýaýlymlar merkezinde dünýäniň iň öňdebaryjy kompaniýalarynyň enjamlary ornaşdyryldy. Bu merkezde, şeýle hem «Türkmen owazy» teleradioýaýlymynyň binasynda «Ýaýlyma goýberiş» otaglary, «Apparat studiýalar», «Wideoýazgylar», «Radiogepleşikler», «Kompýuter grafika», «Hemra aragatnaşyk» bölümleri, «Merkezi enjamhana», awid we göni montaž otaglarynyň köp sanlysy hereket edýär. Olaryň tehniki binýadynyň pugtalandyrylmagy sanly ulgamy giňden ornaşdyrmaga ýardam eder. Geljekde welaýatlar bilen optiki süýümli aragatnaşygyň ýola goýulmagy, sanly maglumatlaryň dessine, öňküden-de has çalt kabul edilmegi we beýleki döwrebap şertler işleriň ilerlemegine täsirini ýetirer.

Ýene-de okaň

Sankt-Peterburg türkmen talyplaryna garaşýar

Türkmenistanyň we Tatarystanyň Prezidentleriniň duşuşygy

Ata Watan Eserleri

Garaşsyzlyk baýramyna bagyşlanan baýramçylyk konserti

Teswirle