TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
MEDENIÝET

Täze taslamada baş keşbi janlandyrar

Skarlett Johansson muşdaklary üçin “Gelin” ady bilen täze filmde surata düşmäge taýýarlanýar. Sebastian Lelio bu filmiň režissýorlyk wezipesini öz üstüne alar. Filmiň ssenariýasyny Lauren Şuker Blum bilen Rebekka Angelo ikisi bilelikde ýazarlar. Filmiň esasy mowzugy ökde zehinli telekeçi özüne gowy gelin gözleýär.

Skarlett Johansson kim?

Skarlett Johansson BAFTA baýragyna mynasyp bolan amerikaly aktrisasydyr. Ol 1984-nji ýylyň 22-nji noýabrynda Nýu-Ýork şäheriniň Manhattan sebitinde dünýä inýär. Ol ýaşlygyndan aktrisa bolmak isleýärdi we ilkinji gezek çagaka “Off-Broadway” spektaklynda sahna çykdy. 1998-nji ýylda bolsa,“Atlara pyşyrdaýan adam” filmindäki keşbi bilen ilkinji gezek kino durmuşyna gadam basdy. Soň bolsa “Ghost World” we “Merjen gulakhalkaly gyz” ýaly filmlerde baş keşbi janlandyrdy. 2003-nji ýylda iki sany filmi bilen “Altyn globusa” dalaşgär boldy.

2018-nji ýyldan bäri, dünýäde iň köp girdeji gazanan aktrisa, “Forbes Celebrity 100” filminde birnäçe gezek çykyş etdi. Onuň filmleri dünýäde 14,3 milliard dollardan gowrak girdeji gazandyrdy. Şeýlelikde, Johansson iň köp girdeji gazanan dokuzynjy ýyldyz boldy. Toni baýragy we BAFTA baýragy, şeýle hem iki akademiýa baýragy we bäş sany Altyn globus baýragy ugrundaky baýraklara we birnäçe  derejelere  mynasyp boldy.

2010-njy ýylda Johansson Brodweýde “Iň ajaýyp aktrisa” üçin Toni baýragyny aldy. Onuň “Marwel” kinokompaniýasynyň birnäçe filmlerinde, esasan hem “Demir adam 2”, “The View of the Bridge”, “Her” (2013), “Deriniň aşagy” (2013), “Lýusi” (2014) we “Shell in the Shell” (2017) atly fantastiki filmleri bilen meşhurlyk gazandy.

 

Tehnologiýa Sahypamyz

Tehnologiýa dünýäsinde bolup geçýän wakalar we täze açyşlar bilen gyzyklanmaýan okyjy ýok bolsa gerek!

 

Ýene-de okaň

Aşgabatda halkara aýdym-saz festiwaly açyldy

Aşgabatda Täjigistan Respublikasynyň Medeniýet günleri başlandy

Orazgül Gurdowa 70 ýaşady

Ata Watan Eserleri

Teswirle