TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
MEDENIÝET

Täze taryhy tapyndylar

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Mämmedowa Hökümet mejlisinde Milli taryhy-medeni mirasyň obýektlerini aýap saklamagyň, goramagyň, öwrenmegiň hem-de olara syýahatçylary çekmegiň 2022 – 2028-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda ýerleşýän taryhy-medeni ýadygärliklerde arheologiki ylmy-barlag we rejeleýiş işleri üstünlikli dowam edýär. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzyň taryhy-medeni ýadygärliklerinde geçirilen arheologik gözlegleriň netijesinde Paryzdepe ýadygärliginiň töwereginde ýerleşýän kärizler toplumynda özboluşly täsin gurluşa eýe bolan bir käriziň, şeýle hem Abiwerd galasyndan syrçalanan keramika önümleriniň bölekleri, Daňdanakan galasyndan orta asyr ýazuw çeşmelerinde beýan edilýän metjidiň ýerleşen ýeriniň belli bir böleginiň tapylandygy habar berildi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzyň taryhy-medeni ýadygärliklerini gorap saklamakda, dikeltmekde, olary geljekki nesillere ýetirmekde birnäçe işleriň amala aşyrylandygyny hem-de bu işleriň mundan beýläk-de dowam etjekdigini belledi. Munuň özi milli taryhy-medeni mirasyň obýektlerini aýap saklamagyň, goramagyň, öwrenmegiň hem-de olara syýahatçylary çekmegiň 2022 – 2028-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasynyň üstünlikli durmuşa geçirilýändigini görkezýär.

Döwlet Baştutanymyz şu ýylyň mart aýynda geçirilen «Türkmenistanda syýahatçylygy ösdürmegiň esasy ugurlary we mümkinçilikleri» atly halkara maslahatynyň ähmiýetini belledi hem-de ýurdumyzyň taryhy-medeni ýadygärliklerini goramak, dikeltmek, abatlamak boýunça alnyp barylýan işleri güýçlendirmegi wise-premýere tabşyrdy.

Ýene-de okaň

Ermenistanda Türkmenistanyň Medeniýet günleri tamamlandy

Türkmenistanda türki döwletleriň medeniýet hepdeligi geçiriler

Ýurdumyzyň teatrlarynyň hepdelik repertuarlary: 3-4-nji iýun aralygy

Teswirle