TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

Täze sanjymlar:keselleriň öňüni alyş Milli sanjym tertibi

Türk­me­nis­tan­da ke­sel­le­riň öňü­ni alyş Mil­li san­jym ter­ti­bi tä­ze wak­si­na­la­ryň gi­ri­zil­me­gi bi­len üýt­gäp dur­ýar. 2019-njy ýyl­dan öňü­ni alyş san­jym­la­ryň Mil­li ter­ti­bi­niň dü­zü­mi­ne je­mi 14 sa­ny ýo­kanç ke­sel­le­re gar­şy, şol san­da dif­te­ri­ýa, gök­bog­ma, bür­mä, po­lio­mie­li­te, gy­za­my­ga, gy­zyl­ja, epi­de­mi­ki pa­ro­ti­te (hap­gyrt­ma), wi­rus­ly ge­pa­ti­tiň B gör­nü­şi­ne, in­çe­ke­se­le, hib ýo­kan­jy­na, ada­myň pa­pil­lo­ma wi­ru­sy­na we ýe­ne-de üç sa­ny ýo­kan­ja — pnew­mokokk ýo­kan­jy­na, wi­rus­ly ge­pa­ti­tiň A gör­nü­şi­ne we ro­ta­wi­rus ýo­kan­jy­na gar­şy tä­ze san­jym­la­ry go­şul­dy diýlip Aýsenem Gurbanowanyň “Watan” gazetindäki makalsynda aýdylýar. Makalada şeý­le hem äh­li sag­lyk öý­le­rin­de we Jem­gy­ýet­çi­lik sag­ly­gy we iý­mit mer­ke­zin­de is­leg bil­dir­ýän­le­re dü­mew ke­se­li­ne gar­şy öňü­ni alyş san­jym­la­ry ge­çi­ril­ýär. Hä­zir­ki wagt­da ýur­du­myz­da kom­bi­nir­le­nen, dü­zü­min­de bir­nä­çe ýo­kanç ke­sel­le­re gar­şy im­mu­ni­te­tiň dö­re­me­gi­ni üp­jün ed­ýän wak­si­na­la­ry sa­tyn al­ma­ga uly üns be­ril­ýär. Mu­nuň özi döw­let Baş­tu­ta­ny­my­zyň ila­tyň sag­ly­gy ha­kyn­da ed­ýän ala­da­sy­nyň aý­dyň ny­şa­ny­dyr diýlip bellenilýär.

Awtor şeýle hem, ýur­du­myz­da «Sag­lyk» Döw­let mak­sat­na­ma­sy­nyň çäk­le­rin­de im­mu­ni­za­si­ýa iş­le­ri­niň üs­tün­lik­li dur­mu­şa ge­çi­ril­me­gi ne­ti­je­sin­de, ilat ara­syn­da ke­sel­çi­lik gör­ke­zi­ji­si pe­sel­di. Sag­ly­gy go­ra­ýyş ul­ga­myn­da ke­sel­le­riň köp gör­nü­şi do­lu­ly­gy­na ýa-da bö­lek­le­ýin ara­dan aý­ryl­dy. Mu­nuň özi Türk­me­nis­tan­da ila­tyň sag­ly­gy­ny go­ra­ma­ga, ýo­kanç ke­sel­le­re gar­şy gö­reş­mek ba­bat­da aba­dan­çy­ly­gy üp­jün et­mä­ge gö­nük­di­ri­len iş­le­riň oňyn ne­ti­je­si­dir. Şun­luk­da, ýur­du­myz­da dra­kun­kul­ýoz pa­ra­zit ke­se­li­niň, gy­za­my­gyň we gy­zyl­ja ýo­kanç ke­se­li­niň ýok edi­len­di­gi Bü­tin­dün­ýä sag­ly­gy go­ra­ýyş gu­ra­ma­sy­nyň hal­ka­ra gü­wä­na­ma­sy bi­len tas­syk­la­nyl­dy. Ýur­du­myz baş­ga-da bir­nä­çe howp­ly ke­sel­le­riň ýaý­ra­ma­dyk az san­ly döw­let­le­ri­niň sa­na­wy­na gir­ýär. Şun­da ýur­du­myz­da ila­tyň dif­te­ri­ýa, bür­me ke­se­li, gök­bog­ma, epi­de­mio­lo­gi­ýa pa­ra­ti­ti ýa­ly ke­sel­ler bi­len ke­sel­le­me­gi­niň gör­ke­zi­ji­le­ri­niň pe­se­len­di­gi aý­ra­tyn bel­lär­lik­li­dir diýip nygtaýar.

Türkmenistanyň halkara howa gatnawlary başlaýarmy?

Saglyk baradaky habarlarymyzy okamak üçin gök ýazylan ýere basyň!

Ýene-de okaň

“Green Card” (Grin Kard) -2024: Senenamasy Yglan edildi

Baş Redaktor

“Green Card” (Grin Kard) boýunça resminamalar kabul edilip başlandymy?

Baş Redaktor

Dünýäde 150 million dozadan gowrak “Sputnik V” sanjymy ulanyldy

Teswirle