TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

Täze saglygy goraýyş desgalary gurlar

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyny geçirdi. Oňa Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlary, Lebap welaýatynyň we Aşgabat şäheriniň häkimleri, şeýle hem saglygy goraýyş we derman senagaty ministri gatnaşdylar.

Maslahatyň dowamynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ş.Durdylyýew hem-de göni wideoaragatnaşyga çagyrylan saglygy goraýyş we derman senagaty ministri N.Amannepesow täze guruljak Halkara fiziologiýa ylmy-kliniki merkeziniň binagärlik taslamasyny taýýarlamak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Saglygy goraýyş we derman senagaty ministri bu desgany gurmak boýunça öňde goýlan wezipeler we onuň niýetlenen ugurlary barada habar berdi.

HALKARA FIZIOLOGIÝA YLMY-KLINIKI MERKEZI GURLAR

Täze Halkara fiziologiýa ylmy-kliniki merkezde geljekde ýurdumyzda we sebitde köp duş gelýän keselleri, şol sanda süýjüli diabet, dem alyş ýollarynyň we gan aýlanyş ulgamynyň, madda çalşygynyň kesellerini, Aralýaka sebitiň adamyň saglygyna oňaýsyz täsirini, dermanlyk ösümlikleriň melhemlik täsirini, allergologiýanyň we immunologiýanyň, kadaly iýmitlenmegiň, fiziki işjeňligiň, sportuň we zähmetiň fiziologiýasyny öwrenmek, şeýle hem bu ugurlar boýunça kliniki, okuw, ylmy we barlaghana işlerini alyp barmak meýilleşdirilýär.

Bu merkeziň düzüminde ylmy-kliniki barlaghana, fiziologiýa, diabet we umumy bölümler hem-de Myrat Garryýew adyndaky Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň degişli kafedralary üçin okuw otaglary we beýleki bölümleri göz öňünde tutulýar.

Bu merkez bäş gatdan ybarat bolup, onuň gurluşyk meýdany 6 gektara barabar bolar. Desganyň ýanaşyk ýerinde 240 orunlyk awtoduralgany gurmak meýilleşdirilýär. Halkara fiziologiýa ylmy-kliniki merkezi ýurdumyz boýunça arid zolagyň meselelerini öwrenýän merkezi bejeriş-öňüni alyş edarasy bolup hyzmat eder.

HALKARA SAGALDYŞ-DIKELDIŞ MERKEZI GURLAR

Soňra wise-premýer Ş.Durdylyýew paýtagtymyzda gurulmagy meýilleşdirilýän nobatdaky saglygy goraýyş desgasy — Halkara sagaldyş-dikeldiş merkeziniň taslamasy boýunça hasabat berdi. Onuň ýerleşjek ýeri hem milli Liderimiziň görkezmelerine laýyklykda, oýlanyşykly saýlanyp alyndy.

Bu taslama bilen baglylykda, saglygy goraýyş we derman senagaty ministri N.Amannepesow taslamanyň amala aşyrylmagy babatda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa lukmançylyk edarasynyň öňünde durýan wezipeler barada hasabat berdi. Hususan-da, 7 gatly merkeziň gurluşyk meýdany 6 gektara barabar bolup, onuň meýdançasynda 240 orunlyk awtoduralgany gurmak meýilleşdirilýär.

Halkara sagaldyş-dikeldiş merkeziniň düzüminde ýürek-damar, nerw, endokrin, iýmit siňdiriş, daýanç-hereket ediş we beýleki beden agzalarynyň dowamly kesellerinden we operasiýadan soň uly ýaşly adamlaryň hem-de çagalaryň saglygyny ýatymlaýyn we gatnaw şertlerinde dikeltmek üçin aýratyn binalarda ýerleşdirilen bölümler, okuw hem-de kömekçi-hojalyk bölümleri göz öňünde tutulýar.

Bu merkezde derman serişdelerini ulanmazdan, häzirki zaman lukmançylygynyň iň döwrebap tehnologiýalary adamlaryň saglygyny berkitmekde ulanylar. Merkezde edilýän hyzmatlar dürli keseller bilen kesellän näsaglaryň adaty durmuşa gaýdyp gelmegine, ýaşaýyş hiliniň gowulanmagyna we işe ukyplylygynyň dikeldilmegine oňyn täsir eder. Şonuň bilen bir hatarda, Halkara sagaldyş-dikeldiş merkezinde lukmanlaryň bilim derejelerini we hünär kämilligini ýokarlandyrmak üçin ähli şertler dörediler.

Hormatly Prezidentimiz hasabatlary diňläp, täze guruljak saglygy goraýyş desgasynyň ýerleşjek ýerindäki beýleki desgalar bilen sazlaşykly utgaşmalydygyny, binalarynyň owadan bolmalydygyny belledi. Täze desga ýokary hil derejesinde ýerine ýetirilip, onuň bellenen möhletlerde ulanylmaga tabşyrylmagy üpjün edilmelidir. Ol ýerde ýüz tutýan näsaglar üçin ähli amatly şertler döredilmelidir.

Şonuň bilen birlikde, täze saglygy goraýyş desgasy iň kämil lukmançylyk enjamlary we täze tehnologiýalar bilen üpjün edilmelidir diýip, milli Liderimiz degişli tabşyryklary berdi. Döwlet Baştutanymyz hödürlenen desgalaryň şekil taslamalaryny tassyklap, olary gurmak boýunça halkara bäsleşigi yglan etmek barada görkezme berdi.

 

Umumy Sahypamyz

Siz bu sahypada gündelik syýasata degişli habarlary okap bilersiňiz!

 

Ýene-de okaň

«Belawiýa» awiakompaniýasy Türkmenistana uçar gatnawlaryny artdyrdy

Şäherara awtobus petekleriniň onlaýn satuwy

Daşoguzda täze saglyk öýi açyldy

Teswirle