TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
SPORT

Täze “Real Madrid” topary döredildi

2020-nji ýylyň 1-nji iýuly “Real Madrid” topary üçin täze döwrüň başlangyjy boldy. Çünki klub ahyrsoňy zenanlar toparynyň dünýä inendigini mälim etdi. Ýagny, 2020-nji ýylyň 1-nji iýulynda Ispaniýada “Real Madrid” atly täze zenanlar futbol topary döredildi

Täze döredilen toparyň indi bar ünsi geljekde geçiriljek ýaryşlarda üstünlikli çykyş etmäge gönükdirler. Türgen zenanlar indi öz ukyplaryny görkezip, täze menzillere ýetmegi maksat edinýärler. Ilkibaşda topar klubyň býudjeti tarapyndan maliýeleşdiriler.

Real Madrid kluby täze döredilen topary üçin berýän beýanynda: “Ispaniýada ussat oýunçylaryny bir ýere jemlemek isleýäris” — diýip, aýdýar.

“Real Madrid” zenanlar futbol toparynyň baş maksady mümkin boldugyça köp kubok ugrunda bäsleşmek bolar.

Ýene-de okaň

“Bawariýadan” rekord: 11-nji gezek yzly-yzyna çempion boldy

«Arkadag» futbol topary 24 utuk toplady

Türkmenistanyň Aziýa Kubogy-2024-däki garşydaşlary belli boldy

Teswirle