TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
JEMGYÝET

Täze prokurorlar wezipä bellendi

Prokurorlary wezipä bellemek we wezipeden boşatmak hakynda

«Türkmenistanyň prokuraturasy hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň 16-njy maddasyna laýyklykda, karar edýärin:

1-nji derejeli ýurist Didar Suhanberdiýewiç Orazowy Daşoguz welaýatynyň prokurory wezipesine belläp, ony Ahal welaýatynyň prokurorynyň orunbasary wezipesinden boşatmaly;

1-nji derejeli ýurist Begli Täşliýewiç Täşliýewi Düzediş edaralarynda kanunlaryň berjaý edilişine gözegçilik boýunça Türkmenabat prokurory wezipesine bellemeli;

ygtyýarlyk möhletiniň tamamlanmagy sebäpli, ýustisiýanyň kiçi geňeşçisi Begmyrat Nurýagdyýewiç Garryýewi Daşoguz welaýatynyň prokurory wezipesinden boşatmaly;

ygtyýarlyk möhletiniň tamamlanmagy sebäpli, ýustisiýanyň kiçi geňeşçisi Ahmet Berdimyradowiç Annamyradowy Düzediş edaralarynda kanunlaryň berjaý edilişine gözegçilik boýunça Türkmenabat prokurory wezipesinden boşatmaly.

Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Serdar BERDIMUHAMEDOW.
Aşgabat şäheri, 2022-nji ýylyň 8-nji dekabry.

Ýene-de okaň

Türkmenistan Portugaliýa ilçi belledi

Nazarbaýew Halk Maslahatynyň Başlygyny gutlady

Türkmenistanyň daşary işler ministrine täze orunbasar bellendi

Ata Watan Eserleri

Teswirle