Akylly telefon bazarynyň iň möhüm şereketleriniň biri bolan “Xiaomi” oýun telefonlaryny öndümli öndürýär. “Black Shark 4” modelini geçen mart aýynda tanyşdyran şereket indi “Black Shark 5” smartfonyny tanyşdyrmaga taýýarlyk görýär.
Gelen habarlara görä, täze telefon “Qualcomm Snapdragon 888+ yonga” prosessory bilen üpjün ediler. Bu telefon gyzma meselesine garşy ýörite sowatma tehnologiýasyny ulanar. Şeýlw hwm telefonda 144 Hz täzelenme tizligine eýe bolan FullHD+ AMOLED paneli bar.
4500 mAh batareýa goýlan telefon 200W HyperCharge tiz zarýad bilen 8 minutda doly zarýad alýar.
Maksat TAGANOW,
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň
žurnalistika hünäriniň talyby.
Ankarada Türkmenistanyň Garaşsyzlygyna bagyşlanan sergi guraldy