TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
SIZDEN GELENLER

Täze okuw ýyly – üstünlikleriň gözbaşy

«Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynyň her güni, her aýy şanly wakalar, toý-dabaralar bilen utgaşýar. Ynha, bu gün bolsa ýurdumyzda ajaýyp baýram — Bilimler we talyp ýaşlar güni giňden bellenilýär. Altyn güýzüň ilkinji gününde Diýarymyzyň bilim-terbiýeçilik edaralarynda, orta hünär we ýokary okuw mekdeplerinde täze, 2022—2023-nji okuw ýyly badalga alýar. Okamaga, öwrenmäge höwesek ýaşlar täze okuw ýylyna gadma basýarlar.

Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzda bilim ulgamyny döwrebaplaşdyrmak, ösüp gelýän ýaş nesle berilýän bilimiň mazmunynyň we hiliniň iň öňdebaryjy halkara talaplaryna laýyk gelmegini gazanmak boýunça gymmatly tabşyryklaryny we görkezmelerini durmuşa geçirmek, bagtyýar geljegimiz bolan ýaşlarda eziz Watanymyza, merdana halkymyza, Arkadagly Serdarymyza bolan çuňňur söýgini we çäksiz wepalylygy terbiýelemek, ýokary depginli ösüşlere, belent üstünliklere buýsanjy has-da dabaralandyrmak maksady bilen, ýurdumyzyň ähli bilim ojaklarynda 2022–2023-nji okuw ýylynyň başlanmagyna bagyşlanan ilkinji okuw sapagy «Halkyň Arkadagly zamanasy» diýen at bilen geçirilýär.

1-nji  sentýabrda garaşsyz Diýarymyzda giňden bellenilýän Bilimler we talyp ýaşlar gününde bagtyýar neslimiz ýene-de ak mekdepleriň gujagyna dolar. Bilimler dünýäsine ilkinji gezek gadam basýan körpejelere, şeýle-de talyp bolmak bagty miýesser eden ýaşlara ol gün ýatdan çykmajak şatlykly pursatlary bagyş edýär.

Ýaş körpeler Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Serdarymyzyň adyndan “Bilim” atly kompýuterleri sowgat alýan bolsalar, talyp bolmak bagtyna eýe bolan talyplar bolsa täze durmuşa gadam basmagynyň buýsanjyny kalplarynda ýaşaýarlar.

Bilimiň ähli basgançaklarynyň elektron maglumat goruny okuw-usuly, terbiýeçilik ähmiýetli täze maglumatlar bilen baýlaşdyrmak, olary sanly bilim portalyna ýerleşdirmek babatda alnyp barylýan işleriň çäginde, ýokary we orta hünär bilim edaralarynda elektron görnüşine geçirilen kitaplaryň, şol sanda dersler boýunça işlenip taýýarlanýan döwrebap elektron tanyşdyryşlaryň, elektron okuw-görkezme esbaplarynyň hem-de audio-wideo ýazgylarynyň üsti ýetirilýär.

Ýokary okuw mekdepleriniň talyplary daşary ýurtlaryň bilim edaralary tarapyndan dersler we taslamalar boýunça guralan internet bäsleşikleriniň ençemesine gatnaşyp, ýokary netijeler gazanmagy başardylar. Ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleri tarapyndan internet bäsleşikleriniň, täze usullar we tehnologiýalar arkaly mugallymlaryň hünär derejesini ýokarlandyrmak, daşary ýurtlaryň hünärmenleri bilen tejribe alyşmak boýunça uzak aralykdan duşuşyklardyr okuw maslahatlarynyň ençemesi geçirildi. Milli programma üpjünçiligini döretmek boýunça bilim edaralary tarapyndan programma üpjünçilikleriniň we taslamalarynyň ençemesi döredilip, olaryň aglabasy bilim edaralarynda ulanylýar.

Hormatly Prezidentimiziň tabşyryklaryndan ugur alnyp, talyp ýaşlaryň öz hünärlerine bolan höwesini, tebigata, Watanymyza, taryhymyza söýgüsini artdyrmak maksady bilen, internet arkaly dürli dersler boýunça onlaýn bäsleşikler yzygiderli guralýar. Bu bolsa olaryň ylym-bilim ulgamynda gazanýan döredijilik üstünlikleriniň örüsini giňeldýär.

Gahryman Arkadagymyzyň «Bilim — bagtyýarlyk, ruhubelentlik, rowaçlyk» atly kitabyndaky: «Her bir döwletiň ösüş depgini, halkyň ýaşaýyş derejesi, esasan, onuň ylym-bilim binýadynyň berkligine baglydyr» diýen sözlerinden ugur alnyp, ýurdumyzda milli bilim ulgamyny ösdürmek, onuň hukuk esaslaryny pugtalandyrmak babatda uly işler edilýär.

Ýurdumyzda bilim bermek işine ylmyň soňky gazananlary, okatmagyň innowasion usullary, ýokary hilli elektron bilim maglumatlary giňden ornaşdyrylýar. Sanly bilim ulgamy işjeň ösdürilýär. Bilim edaralarynyň işini has-da kämilleşdirmek, bilim bermegiň ähli basgançaklaryny ýokary hilli elektron bilim maglumatlary bilen üpjün etmek, sanly serişdeleri giňden peýdalanyp, bilim edaralarynda berilýän bilimiň mazmunyny baýlaşdyrmak, hiliniň dünýä derejesine laýyk bolmagyny üpjün etmek maksady bilen, «Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasy» we ony durmuşa geçirmegiň meýilnamasy tassyklanyldy. Çünki ýaşlaryň dünýä ölçeglerine laýyk bilim almagynyň hem-de Watanymyzyň ykdysady, syýasy, medeni durmuşyna mynasyp goşant goşmagynyň, dünýäniň bilim-ylym ulgamynyň gazananlaryndan habarly, kämil hünärmenler bolup ýetişmeginiň möhüm şertleriniň biri-de olaryň häzirki zaman maglumat tehnologiýalaryny hünär işinde işjeň hem-de netijeli ulanyp bilmegini gazanmakdan ybaratdyr.

Gülşat Rahmedowa, TOHU-nyň talyby.

 

Ýene-de okaň

Pagta ýygymy gyzgalaňly dowam edýär

Ýurdumyzyň dag-magdan senagaty işjeň ösdürilýär

1-nji oktýabr – Ýaşulularyň halkara güni

Ata Watan Eserleri

Teswirle