SIZDEN GELENLER

Täze materiallaryň öndürilişi

Dünýä ýüzünde alymlaryň esasy üns merkezinde durýan häzirki zaman ylmynyň ösüşinde, ylmy gözlegleriň esasynda wajyp meseleleriň biri bolup durýan meýilnamalaryň biri hem “Täze materiallar” bolup durýar. Bu ýerde esasy orny nanotehnologiýalar we nanomateriallar eýeleýärler. Ol materiallary öwreniş meselelerinde esasy orny eýeläp, materiallaryň mikro we nanoelektron bölekierini öz içine alýar, ýagny materiallaryň we metal erginleriniň biobileleşik ösüşleriniň esasynda ýokary hilli funksional örtükleriň, kompozitleriň, ürgünleriň esasynda ýokary hilli gaty metal erginlerini, polatlaryň ýöriteleşdirilen toparlaryny, ýokary geçirijilikli metal erginlerini, magnit materiallaryny, täze polimer materiallaryny almakda, dokma we deri önümleriniň öndürilişini ösdürmekde olaryň hilini ýokarlandyrmak usullary, täze materiallary we himiýa tehnologiýasyny federal dereje- de ösdürmek meselesi bütin dünýäniň alymlarynyň öňünde duran esasy meseleleriň biri bolup durýar. Bu wajyp meseläni çözmek fizika, metallurgiýa materiallaryny öwrenýän, rentgen usullaryny öwrenýän hünärmenleriň paýyna düşýär.Täze materiallary XXI asyryň materiallary diýip atlandyrmagyň özi hem ýöne ýere däldir, sebäbi ylmyň we tehnikanyň ýyldyrym çaltlygyndaky ösüşini täze materialsyz göz öňüne getirmek hem mümkin däl. Tehnikanyň ösüşiniň hemme ugurlarynda, Amerikanyň alymlarynyň belleýşine görä, geljekki 20 ýylyň dowamynda öňki materiallaryň 90%-niň häzirki zaman materiallary bilen çalşyljakdygyna ýa-da tehniki rewolýusiýanyň bolup geçjekdigine doly ynam bildirýärler. Russiýada häzirki wagtda materiallary öwrenmekde Ylymlar akademiýasynyň 41-den gowrak mekdepleri, ýokary okuw jaýlary, ylmy institutlary, şeýle-de senagat ministrligi Moskwanyň Polat we erginler döwlet institutynyň ýolbaşçylygynda 123-den gowrak ylmy taslamalary “Täze materiallar” maksatnamasynyň esasynda amala aşyrdylar. Olar täze materiallary oýlap tapmakda düýpli barlaglaryň esasynda täze tehnologiýalary omaşdyrdylar. XXI asyryň tehniki ösiişinde esasy ünsi nanomateriallara we nano- tehnologiýalara berdiler. Esasan-da, polimerlere we kompozitlere, mikro we nanoelektroniki materiallara ýörite düzümli materiallara we onuň erginlerine, sintetiki ýokary gatylykly materiallara, olaryň öndürilişine doly girişdiler we ýokary netijeler gazandylar. Soňky ýyllarda materiallaryn täze gömüşlerine bolan isleg ylymda, önümçilikde we täjirçilik ulgamlarynda has-da artdy.

Täze materiallaryň gizlin syrlarynyň biri hem adatdan daşary gurluşly atom-kristal gözenekleriniň seýrek duş gelýän gömüşlerini öwrenmekde olara ultradispers materiallary (UDM) ýa-da ultradispers ulgamy (UDU), şeýle-de, günbatar alymlarynyň belleýşi ýaly, nanogurluşly materiallar (NGM) diýmekleri ýöne ýere däldir. Häzirki zaman düşünjelerine görä, täze materiallara degişlileriň morfologiýa elementieriniň 100 nanometrden (nm) az mukdaryny öz içine alýandygy subut edildi.

 

                                             S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk 

                                              uniwersitetiniň dosenti, tehn.ylyml.kandidaty

                                             Görogly Iljanow we mugallymy Guwanç Mülkiýew                                             

 

Resmi: Geýtsleriň maşgalasy ikä bölündi

 

Ýene-de okaň

Nebitgaz pudagynyň möhüm taslamalary

Ykdysady ösüşleriň berk binýady

Sagdynlyk – kämilligiň gözbaşy

Saglyk – iň uly maksadymyz

Magtymguly Pyragy – beýik milli şahyrymyz

Ylmyň netijesi – terbiýedir