TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
SIZDEN GELENLER

Täze maksatnama – ösüşleriň binýady

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda amala aşyrylýan düýpli özgertmeler milli ykdysadyýetimiziň depginli ösdürilmegine ýardam edýär. Öňdebaryjy tehnologiýalaryň we innowasiýalaryň önümçilige ornaşdyrylmagy Garaşsyz döwletimiziň ykdysady kuwwatynyň ýokarlanmagyna we ýurdumyzyň dünýäniň ösen döwletleriniň hataryna goşulmagyna itergi berýär. Bu aýdýanlarymyza Garaşsyz döwletimiziň dürli künjeginde gurlup, ulanmaga berilýän kämil tehnologiýaly önümçilik kuwwatlyklary dolulygyna şaýatlyk edýär.

Islendik döwletiň durnukly ösüşi milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynyň sazlaşykly öňe gitmegi bilen baglydyr. Şonuň üçinem ýurdumyzyň senagat, ýangyç-energetika, oba hojalygy pudaklarynda gazanylýan üstünlikleriň bady artýar. Şol bir wagtda daşary ýurtlar bilen söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyňam gerimi giňeýär. Bu bolsa hyzmatdaş döwletleriň hemmetaraplaýyn ösüşli ýolunyň rowaç almagyna oňyn täsirini ýetirýär. Şeýle özara bähbitli hyzmatdaşlygyň ösdürilýändigine bolsa iş tejribämizde göz ýetirýäris.

Halkymyz tarapyndan uly goldawa mynasyp bolan «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynyň»  esasy maksady geljek 30 ýylda ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň we Bitaraplygynyň binýadyny has-da berkitmekden, ata Watanymyzyň syýasy, ykdysady kuwwatyny, durmuş, medeni taýdan ýokary depginlerde ösüşini üpjün etmekden, milli ykdysadyýetiň senagatlaşma derejesini ýokarlandyrmakdan, institusional özgertmeleri, sanly tehnologiýalary ornaşdyrmagy çuňlaşdyrmakdan, bazar ykdysadyýetini, kiçi hem-de orta telekeçiligi işjeň ösdürmekden, amatly işewürlik gurşawyny döretmekden, bilimlere, innowasiýalara, şeýle-de ösen jemgyýete daýanýan, durmuş, ekologiýa taýdan amatly tehnologiýalary özünde jemleýän pudaklaýyn ösüşi dowam etdirmekden ybarat.

Milli maksatnamada döwletiň azyk ätiýaçlygyny pugtalandyrmak, ony yzygiderli täzelemek we üstüni ýetirmek wezipeleri ileri tutulýar. Bu wezipeleri amala aşyrmak üçin oba hojalyk önümçiliginiň pudaklaýyn we önümleýin düzümi kämilleşdiriler. Ýurdumyzyň toprak-howa şertlerinde öndürip boljak önümleriň iň ýokary möçberlerde öndürilmegi gazanylar. Sarp edilýän azyk önümleriniň hili we howpsuzlygy ýokarlandyrylar. Önümçiligi ekologik taýdan howpsuz şertlerde alyp barmak, oba hojalyk pudagynda iri möçberli azyklyk önümleri öndürijiler, daýhan we fermer hojalyklary döwlet tarapyndan goldanylar. Ýurdumyzda azyk bolçulygyny döretmäge işjeň gatnaşýan hususyýetçileri höweslendirmek, ýerleriň melioratiw ýagdaýyny gowulandyrmak, topragyň gurplulygyny we hasyllylygyny ýokarlandyrmak, miweçiligiň we üzümçiligiň ekin meýdanlaryny giňeltmek dowam etdiriler. Öň ösdürilip ýetişdirilmeýän miweleriň ýyladyşhana şertlerinde ýetişdirilmegini ýola goýmak, maldarçylyk we guşçulyk ugurlaryny çalt ösdürmek, täze innowasion tehnologiýalary, oba hojalyk önümlerini saklamagyň hem-de daşamagyň döwrebap usullaryny ornaşdyrmak bilen bagly işler göz öňünde tutulýar.

Milli maksatnamada ýurduň ösüşiniň «ýaşyl» ugruny, serişdeleriň galyndysyz peýdalanylmagyny göz öňünde tutýan durnuklylyk modeli öňe sürülýär.

«Ýaşyl» ykdysadyýetiň ösdürilmegi galyndysyz ykdysadyýete geçilmegi bilen bagly bolup, köptaraply çemeleşmäni göz öňünde tutýar: bu innowasion tehnologiýalary, işewürligiň täze görnüşlerini, şeýle hem jemgyýetiň galyndysyz ykdysadyýetiň ýörelgelerine laýyk gelýän özara hereketiň täze ýörelgelerini döretmäge taýýarlygyny öz içine alýar.

Umuman, täze milli maksatnama ýurdumyzy ösüşiň täze döwrüne gadam basmagyna itergi berýän güýje öwrüler.

Arçman Serdarow, S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniñ Oba hojalygynyñ ykdysadyýeti we dolandyrylyşy fakultetiniñ dekany.

 

Halkara guşlar güni

 

Ýene-de okaň

Pagta ýygymy gyzgalaňly dowam edýär

Ýurdumyzyň dag-magdan senagaty işjeň ösdürilýär

1-nji oktýabr – Ýaşulularyň halkara güni

Ata Watan Eserleri

Teswirle