TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
JEMGYÝET

Täze Konstitusion kanun haçan güýje girýär?

Türkmenistanyň Halk Maslahaty mejlisiniň arakesmesinde Türkmenistanyň Mejlisiniň altynjy çagyrylyşynyň 11-nji mejlisi boldy. Deputatlar «Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda» Türkmenistanyň Konstitusion kanunynyň taslamasyna garadylar.

Oňa gatnaşyjylar Türkmenistanyň Milli Geňeşini döretmek we ýurduň kanun çykaryjy organynyň iki palataly ulgamyna ýakyn wagtda geçmegi meselesine aýratyn üns berdiler. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň hereket edýän kanunlaryna degişli üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Türkmenistanyň Mejlisiniň altynjy çagyryşynyň 11-nji mejlisiniň gün tertibine hödürlenen «Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda» Türkmenistanyň Konstitusion kanunynyň taslamasy biragyzdan tassyklandy we kabul edildi.

Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy G. Mämmedowa soňra Halk Maslahatynyň mejlisinde deputatlaryň Konstitusion kanunyň taslamasy barada kabul eden çözgüdi barada çykyş etdi.

Soňra hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda» Türkmenistanyň Konstitusion kanunyna gol çekdi.

Milli Liderimiz mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 29 ýyllygynyň öňüsyrasynda Türkmenistanyň Konstitusion kanunynyň kabul edilmegi, jemgyýetiň we döwletiň agzybirligini alamatlandyrýan ajaýyp taryhy waka, halkymyzyň ýyl ýazgysyna altyn harplar bilen ýazyljakdygyny belledi.

Milli Liderimiz hemmeleri Türkmenistanyň Konstitusion kanunynyň kabul edilmegi bilen gutlady. Hormatly Prezidentimiz hökümet agzalaryna, milli Mejlisiň wekillerine, jemgyýetçilik guramalarynyň wekillerine we ýerli häkimiýetlere kabul edilen Konstitusiýa kanunyndan gelip çykýan meseleleri çözmek üçin degişli işleri ýerine ýetirmegi tabşyrdy.

«Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda» Türkmenistanyň Konstitusion kanuny 2021-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan güýje girýär.

HALK MASLAHATYNYŇ IŞI BES EDILÝÄR

Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň işi hem bes edilýär. Bu mesele boýunça döwlet Baştutanymyz “Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň 2018-nji ýylyň 25-nji sentýabryndaky 1-nji buýrugyny güýjüni ýitiren diýip ykrar etmek barada” karara gol çekdi.

Şu gün kabul edilen «Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda» Türkmenistanyň Konstitusion kanuny esasynda iki palataly kanun çykaryjy organ döredildi. Täze iki palataly kanun çykaryjy edaranyň Halk Maslahaty palatasynyň öz işine başlamagy üçin guramaçylyk meseleleri we olaryň agzalaryny saýlamak işleri geçiriler.

Konstitusion kanunyna laýyklykda, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahaty palatasynyň agzalarynyň ilkinji saýlawlar Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan bellenilýär.

Şonuň üçin Türkmenistanyň Prezidenti Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahaty palatasynyň agzalarynyň ilkinji saýlawlaryny bellemek hem-de bu guramanyň wezipeleri boýunça guramaçylyk işlerini geçirmek babatda degişli kararlara gol çekdi.

Şeýle hem milli Liderimiz “Saglygy goraýyş işgärleriniň durmuş üpjünçiligini güýçlendirmek hakyndaky” Karara hem gol çekdi.

Ata Watanymyz baradaky gündelik habarlary we global habarlary  Türkmen dilinde, şeýle hem ýurdumyz baradaky täzelikleri Iňlis, Türk we Rus dilinde gyzgyny bilen okamaga mümkinçilik berýän täze Android ulgamynda işleýän applikasiýany gök ýazylan ýere  ýa-da aşakdaky surata basyp el telefonyňa ýükläp biljekdigiňizi ýatladýarys. Bu applikasiýa saýtymyzyň ilkinji we synag görnüşindäki applikasiýasy bolup ýakyn gelejekde has kämilleşen we tiz açylýan applikasymyzy yglan ederis.  Gelejekde IOS ulgamy üçin hem applikasymyz taýýar bolar we giň okyjylar köpçüligine ýetiriler.

 

Halk maslahatynyň mejlisi : öz işini tamamlady

Hormatly okyjylar! Halk Maslahaty bilen baglanyşykly habarlardan habarly bolmak isleseňiz yzygiderli www.atavatan-turkmenistan.com  saýtyny yzarlap duruň. Size habarly etmek üçin döredijilik toparymyz zähmet çekýär. 

Halk Maslahatynyň mejlisi başlady

Halk Maslahaty wideoaragatnaşyk görnüşinde geçiriler

Halk Maslahaty: Garaşsyzlyk ýyllarynda gazanylan üstünlikler

Halk Maslahaty: saglygy goraýyş işgärlerine goşmaça ýeňillikler dörediler

Konstitusion Kanun tassyklandy :Halk Maslahaty

 

Halk Maslahaty : Habarlary gyzgyny bilen okaň!

Ýene-de okaň

Gurbanguly Berdimuhamedow Ýaponiýanyň Premýer-ministri bilen duşuşdy

Halkara ahalteke atçylyk sport toplumynda baýramçylyk at çapyşyklary geçirildi

Türkiýäniň Prezidenti Türkmenistanyň Garaşsyzlyk gününi gutlady

Ata Watan Eserleri

Teswirle