TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
SIZDEN GELENLER

Täze kitap – halkymyza sowgat

Şu günler ýurdumyzyň ministrliklerinde, jemgyýetçilik guramalarynda hormatly Prezidentimiziň jöwher paýhasyndan dörän täze eseriniň – «Abadançylygyň röwşen gadamlary» atly täze kitabynyň tanyşdyrylyş dabaralary geçirilýär.

Dabaralarda edilýän çykyşlarda milli Liderimiziň täze kitabynyň halkymyza ajaýyp sowgat bolandygyny bellediler. «Abadançylygyň röwşen gadamlary» atly täze kitapda, Milli Liderimiziň daşary syýasat, ykdysadyýet, medeniýet, ylym we beýleki ugurlar baradaky pikirleri jemlenendir. Täze neşirde ýurdumyzy mundan beýläk-de ösdürmäge degişli çuňňur many-mazmunly teklipler hem beýan edilýär.

Häzirki döwrüň syýasy wakalaryny halkara gatnaşyklaryny aýdyň beýan edýän täze kitapda hormatly Prezidentimiziň jemgyýetçiligiň öňündäki eden çykyşlary, daşary ýurt metbugatynda beren interwýulary ýerleşdirilipdir. Täze kitap maglumatlara, çuň manyly pikirlere baýlygy bilen tapawutlanýar. Bu bolsa okyjylaryň ünsüni özüne çekýär. Häzirki wagtda dünýäde parahatçylygy ösdürmek, hoşniýetli, dostlukly gatnaşyklary pugtalandyrmak ugurlary aýratyn ähmiýete eýedir.

Hormatly Prezidentimiziň jemgyýetçiligiň öňünde eden çykyşlary ýerleşdirilen täze kitap watançylyk ruhuna ýugrulandyr. Mähriban Arkadagymyzyň watansöýüjilik duýgusynyň belentdigi her bir çykyşynda aýdyň duýulýar.

Dabaralarda edilen çykyşlarda bu barada giňişleýin gürrüň edildi. Kitabyň iň asylly ýörelgeleri, durmuşymyzy, ýaşaýşymyzy, eziz Watanymyzy has-da beýik üstünliklere ýetirmegiň ýollaryny salgy berýändigi hem bellenildi. Şeýle hem ol mukaddes Garaşsyzlygymyzyň gazananlaryna, parahatçylyk arkaly ösüşe düşünmäge itergi berýär. Şonuň üçin bu kitap ýurdumyzyň dünýädäki abraý-mertebesiniň beýikligine aýdyň göz ýetirmek üçin ähli adamlara, aýratyn-da, ýaş nesillere ýol-ýörelge bolup hyzmat eder.

Bezirgen Annaberdiýew, TOHU-nyñ talyby.

 

Ýüpekçilik pudagy ösdürilýär

 

Ýene-de okaň

«Ýol hereketiniň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy» atly biraýlyk jemlendi

Pagta ýygymy gyzgalaňly dowam edýär

Ýurdumyzyň dag-magdan senagaty işjeň ösdürilýär

Teswirle