TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
DÜNÝÄ

Täze keselli ýüze çykmady

23-nji maý güni Hytaýda koronowirus bilen bagly täze hiç hili hadysa ýüze çykmady. Şol gün ýurtda täze keselli ýa-da heläkçilik hasaba alynmady. Bu ýagdaý geçen ýylyň dekabr aýyndan bäri ilkinji gezek şeýle bolýar diýip, dünýä metbugaty ýazýar.

Bu barada Hytaýyň Milli saglyk komissiýasy hem resmi taýdan habar berdi.

Häzir Hytaýda 376 adam koronowirus şübhesi bilen karantin gözegçiliginde saklanylýar. Şol gün 3 hassa doly sagalyp, öýne goýberildi, 79 hassanyň bolsa bejergisi dowam etdi.

Häzire çenli raýatlarynyň 83 müňe golaýynda koronowirus ýüze çykarylan Hytaýda, şeýlelikde, soňky bäş aýyň içinde ilkinji gezek «arassa» güne gabat gelindi. Munuň özi diňe Hytaý üçin däl, eýsem, bütin dünýä üçin begençli habardyr.

 

Ýene-de okaň

Amerikanyň işewür topary Türkmenistana geler

Ata Watan Eserleri

Tokaýew prezident dalaşgärligine hödürlendi

Türkmenistan IKAO-nyň Assambleýasynyň 41-nji mejlisine gatnaşdy

Teswirle