TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
JEMGYÝET

Täze Kanun Taslamalarynyň Üstünde Işlenilýär

Şu günler Mejlisiň kanunçykaryjylyk işiniň meýilnamasyna laýyklykda, halkymyzyň ýaşaýyş durmuşyny has-da ýokarlandyrmaga, raýatlarymyzyň saglygynyň goralmagyna, köp çagaly maşgalalaryň döwlet tarapyndan mundan beýläk-de goldanylmagyna gönükdirilen täze kanun taslamalarynyň üstünde işlenilýär. Bular barada  şugün geçirilen Ministrler Kabinetiniň sanly wideoaragatnaşyk arkaly nobatdaky mejlisinde habar berildi.

Mejlisiň Başlygy G.Mämmedowa ýurdumyzyň kanunçylyk-hukuk binýadyny kämilleşdirmek boýunça milli parlamentiň alyp barýan işleri barada maglumat berdi.

Habar berlişi ýaly, 14-nji martda geçirilen Mejlisiň altynjy çagyrylyşynyň dokuzynjy maslahatynyň barşynda deputatlar “Elektron resminama, elektron resminama dolanyşygy we sanly hyzmatlar hakynda”, “Ekologiýa maglumaty hakynda”, “Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 25 ýyllygyna” atly Türkmenistanyň ýubileý medalyny döretmek hakynda Türkmenistanyň Kanunlarynyň taslamalaryny ara alyp maslahatlaşdylar hem-de biragyzdan kabul etdiler.

Maslahatda hereket edýän kanunçylygy ýurdumyzyň Konstitusiýasynyň kadalaryna hem-de döwrüň talaplaryna kybap getirmek maksady bilen, kazyýet, adalat edaralarynyň işi, hukuk tertibini berkitmek, gümrük, standartlaşdyrmak meseleleri, kärhanalaryň işi, uglewodorod serişdeleri, ýaşlaryň zähmet çekmäge bolan hukugynyň kepillendirmesi bilen baglanyşykly we başga-da birnäçe ugurlara degişli hereket edýän kanunlara üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek bilen baglanyşykly hukuknamalary kabul edildi.

Şu günler Mejlisiň kanunçykaryjylyk işiniň meýilnamasyna laýyklykda, halkymyzyň ýaşaýyş durmuşyny has-da ýokarlandyrmaga, raýatlarymyzyň saglygynyň goralmagyna, köp çagaly maşgalalaryň döwlet tarapyndan mundan beýläk-de goldanylmagyna gönükdirilen täze kanun taslamalarynyň üstünde işlenilýär.

Bellenilişi ýaly, Konstitusion özgertmeleriň, hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda üstünlikli amala aşyrylýan döwlet syýasatynyň esasy ugurlary bilen baglylykda kabul edilen kanunlaryň düýp maksatlaryny, wezipelerini her bir adama ýetirmek maksady bilen, deputatlar ýerlerde duşuşyklary geçirýärler, köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde çykyş edýärler, bu ulgamda öňdebaryjy dünýä tejribesini öwrenýärler.

Milli Liderimiz döwletiň hukuk esaslaryny pugtalandyrmak, jemgyýetiň durmuşynyň ähli ugurlarynda ata Watanymyz Türkmenistanyň alyp barýan ugry bilen baglylykda milli kanunçylyk binýadyny mundan beýläk-de kämilleşdirmegiň wajypdygyny aýdyp, bu işiň ýurdumyzyň häzirki döwürdäki ösüşiniň strategiýasynyň esasy meselelerini hem-de halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalaryny nazara almak bilen, amala aşyrylmalydygyny nygtady.

Şunda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Diýarymyzy hemmetaraplaýyn ösdürmäge hem-de halkymyzyň hal-ýagdaýyny gowulandyrmaga gönükdirilen möhüm wezipeleri çözmek maksady bilen, Mejlisiň, onuň düzümleriniň saýlawçylar bilen, jemgyýetçilik guramalary hem-de döwlet edaralary bilen yzygiderli gatnaşyklary saklamagynyň wajypdygyny belledi.

 

Ýene-de okaň

Azerbaýjanyň Milli Mejlisiniň Başlygy Sahiba Gafarowa Türkmenistanyň ýokary sylagy bilen sylaglandy

Ata Watan Eserleri

Azerbaýjanyň Milli Mejlisiniň başlygynyň Aşgabada sapary

Ata Watan Eserleri

Türkmenistan Russiýanyň Merkezi Aziýadaky strategik hyzmatdaşy

Teswirle