BILIM

Täze hünäriň talyplaryna iki ýokary okuw mekdebiniň diplomy berler  

Täze 2020-2021-nji okuw ýy­lyn­da Türk­me­nis­ta­nyň Te­le­kom­mu­ni­ka­si­ýa­lar we in­for­ma­ti­ka ins­ti­tu­tyn­da aw­to­mat­laş­dyr­ma we ama­ly in­for­ma­ti­ka hü­nä­ri­ açyldy. Täze hünär barada «Türkmenistan» gazetinde şeýle maglumatlar berilýär.

Ru­my­ni­ýa­nyň Kluž-Na­po­ka teh­ni­ki uni­wer­si­te­ti­niň tej­ri­be­si­niň esa­syn­da açy­lan «Aw­to­mat­laş­dyr­ma we ama­ly in­for­ma­ti­ka» hü­nä­rin­de okuw­lar do­ly iň­lis di­lin­de ge­çi­ri­ler. Bu ugur­da oka­ýan ta­lyp­lar soň­ky okuw ýyl­la­ry­ny Ru­my­ni­ýa­nyň Kluž-Na­po­ka teh­ni­ki uni­wer­si­te­tin­de do­wam et­di­rer­ler. Bu hü­när bo­ýun­ça bi­lim al­ýan ta­lyp­la­ra iki döw­le­tiň ýo­ka­ry okuw mek­dep­le­ri­niň dip­lom­la­ry ber­ler.

Bu ab­raý­ly uni­wer­si­tet bi­len 2019-njy ýy­lyň no­ýabr aýyn­da gol çe­ki­len hyz­mat­daş­lyk et­mek ha­kyn­da­ky şert­na­ma­nyň çä­gin­de gat­na­şyk­lar yzygiderli ös­dü­ril­ýär.    

Ýene-de okaň

Aşgabatda Çehiýanyň uniwersitetleriniň ýarmarkasy açyldy

Ata Watan Eserleri

Robot tehnologiýalar boýunça bäsleşik geçiriler

Türkmenistan bilen Russiýa bilim hyzmatdaşlygyny ösdürer

Aşgabat şäherinde III türkmen-hytaý ylmy-innowasion forumy geçiriler

Türkmen wekiliýeti Kazanda türkmen talyplary bilen duşuşdylar

Türkmenistanyň «Memoriad 2024» bäsleşigine gatnaşmak mümkinçiligi ara alnyp maslahatlaşyldy