TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
BIZNES

Täze himiýa önümçilik toplumlary gurlar

 Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly wideoaragatnaşyk arkaly Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlarynyň, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylarynyň hem-de ugurdaş ýokary okuw mekdepleriniň rektorlarynyň gatnaşmagynda gurluşyk-senagat toplumyny ösdürmek boýunça iş maslahatyny geçirdi.

Milli Liderimiz iş maslahatynda gurluşyk we senagat pudagynyň öňünde goýlan maksatlar barada durup geçdi. Hususan-da, “Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň başlygy N.Nyýazlyýewe himiýa senagatynyň önümçilik kärhanalarynyň doly taslama kuwwatynda işledilmegini gazanmak, tehniki möhlet tertibine laýyklykda, olaryň öz wagtynda durkuny täzeläp, önümçilik ugurlaryny döwrebaplaşdyrmak barada görkezmeler berildi.

Şeýle hem milli Liderimiz Lebap welaýatynyň Köýtendag etrabynda kaliý dökünlerini öndürýän toplumy taslama kuwwatyna ýetirmek üçin çäreleriň meýilnamasyny taýýarlap, guramaçylyk işlerini güýçlendirmegi tabşyrdy.

Ýurdumyzda öndürilýän önümleriň daşary ýurtlara iberilýän möçberini artdyrmak boýunça Döwlet maksatnamasyna laýyklykda, Balkan welaýatynyň Hazar we Gumdag şäherlerinde tehniki ýod, brom, Esenguly we Bereket etraplarynda ýod öndürýän zawodlary gurmak boýunça bellenen çäreleriň ýerine ýetirilmegini üpjün etmeli diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady.

Hormatly Prezidentimiz döwlet konserniniň ýolbaşçysyna önümçilik maksatly import harytlarynyň, çig malyň, ätiýaçlyk şaýlaryň we sarp ediş serişdeleriniň amatly bahalardan satyn alynmagyny üpjün etmegi, harytlar satyn alnanda önüm öndürijiler bilen göni hyzmatdaşlygy ýola goýmagy tabşyrdy.

Milli Liderimiz ýurdumyzda duz gorlarynyň baý ýataklarynyň bardygyny göz öňünde tutup, nahar we tehniki duzuň önümçiligini has-da kämilleşdirmek hem-de önümiň hilini gowulandyrmak bilen eksport ugurlaryny artdyrmak boýunça zerur işleriň geçirilmelidigine ünsi çekdi. Milli Liderimiz himiýa pudagynda ýörite ugurlar boýunça zerur bolan ýokary taýýarlykly hünärmenler bilen üpjünçiligi gowulandyrmagy möhüm wezipeleriň hatarynda kesgitledi.

 

Ykdysadyýet sahypamyz

Ýurdumyzda we dünýäde bolup geçýän ykdysadyýete degişli täzeliklerden “habardar” bolmak isleýän bolsaňyz, bu sahypa Siziň üçin!

 

 

Ýene-de okaň

Türkmenistan bilen Özbegistan demirýol ulgamynda hyzmatdaşlygyny ösdürýär

100 milliard dollar ýitiren ilkinji adam

Türkmenistanda ilatyň we ýaşaýyş jaý gorunyň uçdantutma ýazuwyna taýýarlyk görülýär

Teswirle