TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

Täze gatnaw: Teke bazar – Türkmen döwlet medeniýet instituty

“Türkmenawtolaglary” agentliginiň Aşgabatdaky ýolagçy awtoulag kärhanasy “Teke bazar – Türkmen döwlet medeniýet instituty” täze açylan ugur boýunça habar berýär.  Kärhananyň web saýtynda bellenişine görä, “Türkmenawtolaglary” agentliginiň Aşgabatdaky ýolagçy awtoulag kärhanasy ilatymyzyň awtomobil gatnamalaryna bolan isleglerini talabalaýyk kanagatlandyrmak hem-de ýerine ýetirilýän awtoulag hyzmatlarynyň ýokary hilli we medeniýetli bolmagyny gazanmak maksady bilen, 2021-nji ýylyň 07-nji  oktýabryndan 114-nji “Teke bazar – Türkmen döwlet medeniýet instituty” täze açylan ugur boýunça gatnaýan awtobusy Siziň dykgatyňyza ýetirýär.

114-nji “Teke bazar – Türkmen döwlet medeniýet instituty” ugur boýunça awtobus “Teke bazar” belleniş nokadyndan ugraýar – M.Kaşgary köçe –D.Azady köçe – A. Nyýazow şaýoly – Görogly köçe – A.Nowaýy köçe –  Galkynyş köçe – Bitarap Türkmenistan şaýoly – 10 ýyl Abadançylyk köçe – Atatürk köçe bilen hereket edip, “Türkmen döwlet medeniýet instituty” barýar hem-de yzyna 10 ýyl Abadançylyk köçe – Bitarap Türkmenistan şaýoly – Galkynyş köçe – A.Nowaýy köçe – D.Azady köçe –  A.Gowşudow köçesi bilen hereket edip, “Teke bazar” belleniş nokadyna gelýär.

Habarlaşmak üçin telefon belgiler : 44-33-90, 44-33-91

 

Röwşen Amanow: Aýdyma baglanan ömrüm

Ýene-de okaň

Şäherara awtobus petekleriniň onlaýn satuwy

Daşoguzda täze saglyk öýi açyldy

THY: Aşgabat şäherine adaty gatnawlar başlaýar

Baş Redaktor

Teswirle