TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
MEDENIÝET

Täze filmiň temasy…

Özbegistanyň «Uzbekkino» milli agentligi ýurtda koronowirusyň peýda boluşy, onuň öňüni almak we bu kesele ýoluganlary bejermek bilen bagly işler hakynda film surata düşürmäge girişdi.

Kinohronika äheňindäki filmde özbek hökümetiniň bu howply ýokanç keseliň soňuna çykmak üçin alyp baran işleri we olaryň netijeleri beýan ediler. Koronowirus üçin gurlan hassahanalar, lukmanlaryň, alymlaryň alyp baran işleri we hassalardan alnan interwýular hem filmde öz beýanyny tapar.

Agentligiň ýolbaşçysy Firdaws Abduholikowyň pikirine görä, şu günki gahryman nesilleriň bu howply ýokançdan üstün çykyşy bilen bagly gyzykly taryh barada geljek nesiller hem bilmelidir. Olaryň bu filme tomaşa etmegi, belki geljekde şeýle ýagdaýlaryň ýüze çykmagynyň öňüni alar.

Ýene-de okaň

«Türkmenfilm» birleşigi täze kinolaryny hödürleýär

Uly çille

Aşgabadyň teatrlarynda dünýä nusgawy sahna eserleriniň hepdeligi

Teswirle