TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
SIZDEN GELENLER

Täze eýýamyň buýsanjy

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türkmenistan ösüşiň, abadançylygyň täze sepgitlerine tarap ynamly öňe barýar. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda döwlet we jemgyýetçilik durmuşynyň mundan beýläk-de demokratiýalaşdyrylmagyna, ýurdumyzyň ykdysady kuwwatynyň pugtalandyrylmagyna, halkymyzyň abadan durmuşynyň üpjün edilmegine gönükdirilen düýpli özgertmeler amala aşyrylýar.

Eziz Di­ýa­ry­myz­da de­mok­ra­ti­ýa­nyň bar­ha kä­mil­leş­ýän­di­gi­ni türk­men jem­gy­ýe­ti­niň je­bis­li­gin­den, ag­zy­bir­li­gin­den hem aý­dyň gör­ýä­ris. Döw­le­ti­mi­ziň sy­ýa­sy ösü­şin­de hal­kyň ag­zy­bir­li­gi we je­bis­li­gi uly ma­ny-maz­mu­na eýe­dir. Çün­ki ag­zy­bir­lik, je­bis­lik, bir mak­sa­da gul­luk et­mek ös­ýän we öz­ger­ýän jem­gy­ýe­tiň esa­sy ýö­rel­ge­si bo­lup dur­ýar. Şo­nuň üçin hem Ga­raş­syz, he­mi­şe­lik Bi­ta­rap Türk­me­nis­tan­da adam­la­ryň aba­dan dur­mu­şy, ne­sil­le­riň bag­ty­ýar gel­je­gi üp­jün edil­ýär. Hut ag­zy­bir­lik­de, je­bis­lik­de, tu­tan­ýer­li zäh­met­de ga­za­ny­lan üs­tün­lik­ler gel­je­giň hem be­ýik­di­gi­ni su­but ed­ýär.

Ata Wa­ta­ny­my­zyň mun­dan beý­läk­ki ösüş­le­ri­ni na­zar­la­ýan öz­gert­me­ler aý­dyň ýol­lar, aý­dyň mak­sat­lar bi­len berk bag­la­ny­şyk­ly­dyr. Türk­me­nis­ta­nyň Halk Mas­la­ha­ty­nyň mej­li­sin­de «Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy: Türk­me­nis­ta­ny 2022 — 2052-nji ýyl­lar­da dur­muş-yk­dy­sa­dy taý­dan ös­dür­me­giň Mil­li mak­sat­na­ma­sy» ba­ra­da hem aý­ra­tyn bel­le­nil­di. Bu bol­sa ýur­du­my­zyň ösü­şi­niň aý­dyň ýo­lu­dyr, gel­je­giň röw­şen şug­la­sy­dyr.

«Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda» kesgitlenilen wezipeleriň oňyn çözgütleri hem ösüşiň türkmen ýolunyň düýbüniň berkden tutulmagyna ýardam berýär. Türkmenistany geljek 30 ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda göz öňünde tutulyşy ýaly, ykdysadyýetiň dürli ugurlaryna maýa serişdeleri goýulýar. Munuň özi strategik, sebitleýin maksatnamalarda ileri tutulýan ugurlar, emele gelýän hakyky ýagdaýlar bilen gönüden-göni baglanyşyklydyr.

Maýa goýumlaryň aglaba bölegi önümçilik hem-de durmuş-medeni maksatly binalaryň we desgalaryň gurluşyklaryna gönükdirilýär, şeýle hem şu serişdeleriň hasabyna ýaşaýyş jaýlarynyň, hassahanalaryň, saglyk öýleriniň we merkezleriniň, mekdebe çenli çagalar edaralarynyň, umumybilim berýän orta mekdepleriň, medeniýet öýleriniň, suw hem-de lagym, elektrik geçirijileriň, awtomobil ýollarynyň gurulmagy durmuşymyzyň eşretlerine eşret goşýar. Önümçilige goýulýan maýa goýumlaryň netijesinde ýurdumyzyň ykdysadyýeti diwersifikasiýalaşdyrylýar.

Şanly ýylymyz bolan Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň ýeňişli gadamlary il-günümiziň guwanjyna guwanç goşýar. Jemgyýetimiziň durmuşynda bolup geçýän taryhy wakalar ösüş–özgerişlerimiziň rowaçlanýandygyna şaýatlyk edýär. Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanymyzyň barha arşa göterilýän halkara abraýy hem türkmen halkynyň abadan ertirine tarap ak ýolunyň dowamat dowam boljakdygyna doly şaýatlyk edýär.

Aýdogdy Magtymgulyýew, Türkmenistanyň Serhet institutynyň mugallymy.

Ýene-de okaň

Bilim – kämillige ýol we üstünligiň açary

Magtymguly-ynsan köňlüniň çyragy

Türkmenistanyň halkara hyzmatdaşlygy işjeň ösdürilýär

Teswirle