TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
JEMGYÝET

Täze eseriň synag görkezilişi boldy

Golaýda Lebabyň Seýitnazar Seýdi adyndaky döwlet sazly-drama teatrynda režissýor Perhat Hudaýberenowyň sahnalaşdyran «Watan jandan ileri» atly spektaklynyň synag görkezilişi boldy ― diýip, «Türkmen gündogary» gazeti habar berýär.

Eser geçen asyryň ýigriminji ýyllarynda Watanyndan jyda düşen heniz on iki ýaşlyja gyzjagaz Gülbahar we onuň tä ömri ötinçä ene topragyny küýsändigi baradaky wakalary öz içine alýar.

Sahna eseri ata Watanyň ähli zatdan-da ezizdigini ýene bir ýola görkezýär. Täze dramada Gülbahar enäniň keşbini Türkmenistanyň halk artisti Akjagül Suhanowa ýerine ýetirýär. Şeýle-de beýleki keşpleri teatryň görnükli artistleri janlandyrýar.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň Prezidenti daşary ýurt kompaniýalarynyň ýolbaşçylaryny kabul etdi

Prezident Ärdogan: Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygymyza ösdürmäge taýýardyrys

Halk Maslahatynyň Başlygy Ýaponiýa iş saparyny amala aşyrýar

Teswirle