TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
TEHNOLOGIÝA

Täze elektron önümler: Telefon, router, kompýuter we split

Türkmenistanda senagatyň täze ugry – milli elektron senagaty işjeň ösdürilýär. Ýurdumyzyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrligi bilen Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary bilen milli elektron senagatyny ösdürmek hem-de onuň önümçiligini ösdürmek babatda degişli işler alnyp barylýar.

Şu gün Senagat we gurluşyk önümçiligi ministri S.Berdimuhamedow hormatly Prezidentimize elektron senagatynyň önümçiligindäki işler barada hasabat berdi. Bu barada “Watan” habarlar gepleşiginde bellenilip geçildi.

Bu ýerde Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň bilelikdäki “Aýdyň gijeler” hojalyk jemgyýeti bilen öndürilen dürli elektron enjamlar hem-de aragatnaşyk ulgamyna degişli monobloklar, öüjüýkli telefonlar, smartfonlar, split sowadyjy we ýyladyjy enjamlar, telewizorlar görkezildi.

Milli elektron senagatyny ösdürmekden dünýäniň tejribesini öwrenmek, bilelikdäki kärhanalary döretmek işine möhüm ähmiýet berilýär.

Häzirki döwürde 32, 42 we 55 ölçegde “Tolkuz” we “Zemin” atly telewizorlar, ýakynda bolsa 65 ölçegdäki telewizorlaryň önümçiligi ýola goýuldy. Täze telewizoryň artykmaçlygy kompýuterlere, routerlere we bir dolandyryjy ulgama birikdirilýändigini mälim edildi.

Senagat we gurluşyk önümçiligi ministri hormatly Prezidentimize täze öndürilýän elektron enjamlaryna at dakyp bermegi haýyş etdi.

Milli Liderimiz täze elektron enjamlary üçin şu atlary dakmagy teklip etdi.

65 süýümli 4K  Smart telewizora – Älem.

Monolog görnüşli kompýutere – Şowly.

Smart görnüşli telefona – Milli.

Öýjükli telefonyň 2 sim-karlt kiçi görnüşine – Körpe.

Internet ulgamyny paýlaýjy routere – Uçgun.

Agyz suwuny sowadyjy we gyzdyryjy enjama – Teşne.

Split görnüşli sowadyjy we ýyladyjy enjama – Mylaýym.

 

Ýene-de okaň

Täze “Moskwiç” ulagynyň önümçiligine başlandy

Ata Watan Eserleri

Dünýäniň iň uly ýahtasy gurlar

Ilkinji türkmen antiwirusy tanyşdyryldy

Teswirle