TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
BIZNES

Täze dokma önümleriniň dükanlary açyldy

17-nji iýunda Aşgabat şäheriniň A.Nyýazow köçesiniň ugrunda hem-de Balkan welaýatynyň Gumdag şäherinde Dokma senagaty ministrliginiň söwda dükanlarynyň täze toplumy açyldy. Täze dükanlarda Türkmenistanda öndürilýän ekologiýa taýdan arassa we ýokary hilli, içeri we daşarky bazarlarda uly islege eýe bolan dokma önümleriniň dürli görnüşleri alyjylara hödürlenilýär.

Dükanlarda soňky döwürde giň meşhurlyga eýe bolan milli söwda nyşanly harytlary satyn almak mümkindir. Olaryň hatarynda Gökdepäniň dokma toplumynyň «Gala», Aşgabadyň dokma toplumynyň «Goza», Türkmenbaşy jins toplumynyň «Bedew» haryt nyşanly önümleri, Marynyň «Ýeňiş» fabriginiň önümleri, Aşgabadyň panbarhat matasyny öndürýän fabriginiň we beýlekileriň önümleri bar.

Ýurdumyzyň dizaýnerleri öz işlerinde ilkinji nobatda ilatyň möwsümleýin isleglerini nazarda tutup, dünýä meýillerine laýyklykda, lybaslaryň täze görnüşlerini işläp taýýarlaýarlar we önümçilige hödürleýärler. Erkekler we zenanlar üçin tomus möwsümine niýetlenen egin-eşikler, şeýle hem her bir ýokary okuw mekdebiniň aýratynlyklary hasaba alnyp hem-de milli bezegleriň görnüşleri peýdalanylyp, talyplar üçin öndürilýän sport lybaslary uly islege eýe bolar.

Bu ýerde dürli ýaşdaky adamlar — çagalar, şeýle hem ulular üçin niýetlenen harytlaryň dürli görnüşleri ýurdumyzda öndürilen önümleri satyn almaga uly gyzyklanma bildirýän alyjylaryň islegleriniň içgin öwrenilýändiginiň subutnamasydyr. Munuň özi şeýle hem öz ösüşinde ýokary tehnologiýalary we öňdebaryjy dünýä tejribesini ugur edinýän ýurdumyzyň dokma senagatynyň ýeten belent sepgitleriniň beýanydyr.

Ýene-de okaň

Çawuşogly: Türkmenistan bilen söwda gatnaşyklarymyzy ösdüreris

Ata Watan Eserleri

Türkmenistan bilen Özbegistan demirýol ulgamynda hyzmatdaşlygyny ösdürýär

100 milliard dollar ýitiren ilkinji adam

Teswirle