TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
BIZNES

Täze banknotlar dolanyşyga goýberildi

Türkmenistanyň Merkezi banky Bitaraplygyň 25 ýyllygy mynasybetli 2020-nji ýylyň dekabr aýynda 1,5,10,20,50 we 100 manatlyk banknotlaryň täze modifirlenen nusgalaryny dolanyşyga goýberdi. Banknotlaryň ýüz tarapynyň reňki we şekili öňki görnüşde saklanyp, olaryň ählisinde “Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany” ýylynyň nyşany şekillendirilendir.

Üýtgedilen banknotlaryň arka tarapynda Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň we Konstitusiýa binasynyň şekilleri we 2014-nji ýylyň banknotlarynda şekillendirilen binalar ýerleşdirilendir. Bu üýtgetmeler banknotlaryň gorag alamatlaryny güýçlendirmek we goragyň görüp bolýan elementlerini kämilleşdirmek maksady bilen girizildi.

2020-nji ýylyň nusgasyndaky banknotlaryň gorag alamatlary güýçlendirildi, şol sanda olaryň ählisiniň ýüz tarapynda şekillendirilen “Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany” ýylynyň nyşany älemgoşar çap ediş usulynda ýerine ýetirilendir. Banknotlaryň ýüz tarapynda onuň çykarylan senesi we Türkmenistanyň Merkezi bankynyň müdiriýetiniň başlygynyň golunyň faksimilýesi görkezilýär.

Türkmenistanyň çäginde bu banknotlar eýeçiligiň görnüşine we alyp barýan iş ugruna garamazdan, edara-kärhanalaryň ählisi tarapyndan tölegler üçin nominal gymmaty boýunça hökmany kabul edilmäge degişlidir. Türkmenistanyň Merkezi bankynyň 2009-njy, 2012-nji, 2014-nji we 2017-nji ýyllaryň nusgasyndaky ähli banknotlary Türkmenistanyň çäginde kanuny töleg serişdesi hökmünde güýjüni saklaýar.

Türkmenistanyň Merkezi banky banknotlaryň hakykylygyny takyk kesgitlemek üçin bäşden az bolmadyk gorag alamatlaryny barlamagyň zerurdygyny ýatladýar.

Size Türkmenistanyň çäginde dolanyşykdaky banknotlaryň we şaýy pullaryň resmileşdirilişi we hakykylyk alamatlary baradaky maglumatyň internetde Türkmenistanyň Merkezi bankynyň sahypasynda şu salgyda ýerleşdirilendigini habar berýäris:

Çeşme:http://www.cbt.tm.

 

Söhbetdeşlik Sahypamyz

Ýurdumyzyň sungat ussatlary bilen taýýarlanan bir-birinden gyzykly söhbetdeşlikleri bu sahypamyzdan okap bilersiňiz!

 

Ýene-de okaň

Türkmenistanda metanol önümçiligi ýola goýlar

Türkmenistan konteýner gatnawlary baradaky Ylalaşyga goşular

Ulag boýunça türkmen-rus topary dörediler

Teswirle