TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
SIZDEN GELENLER

Taý geldi-toý geldi

Hormatly Prezidentimiziň Ahal welaýatyna iş saparyny amala aşyryp, Gökdepe etrabyndaky Halkara ahalteke atçylyk sport toplumyna baryp görmegi tolgundyryjy duýgulary döretdi.

Bu ýerde “Halkyň Arkadagly zamanasy” diýen şygar bilen geçýän täze, 2022-nji ýylyň ilkinji günleriniň şatlykly waka bolup geçdi. Ady rowaýata öwrülen Pereňiň nesil ugruna degişli Gözbaş we Keýkilhan atly bedewlerden bolan gurtmele taýçanak dünýä indi.

Milli Liderimiz halkymyzda geçmişde hem täze taýçanak dünýä inse, bu habaryň, edil çaga dünýä inen ýaly çar töwerege buşlanýandygyny we oňa mynasyp at dakylýandygyny belläp, taýçanaga Zaman diýip at goýdy hem-de “Geljek 30 ýyly öz içine alýan täze döwre niýetlenen beýik maksatlarymyz bedew bady bilen geljege dowamat-dowam bolsun!” diýip bellemegi, tutuş türkmen halkynyň guwanjyny goşalandyrdy.

Hormatly Prezidentimiziň atçylyk toplumlaryny döwrebaplaşdyrmaga, atlaryň saklanyş şertlerini hem-de tohumçylyk işini has-da kämilleşdirmäge, atçylyk sportuny we seýisçilik sungatyny ösdürmäge hem-de atşynaslaryň ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmaga niýetläp, “Türkmen atlary” döwlet birleşigine pul serişdelerini bölüp bermek barada Karara gol çekendigini bellemek gerek.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe behişdi bedewleriň dünýäde at-abraýyny has-da belende göterilmegi ugrunda taýsyz tagallalar edýän milli Liderimize ähli halkymyz çäksiz alkyş aýdýar.

Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzda atçylyk pudagy mundan beýläk-de ösdürmek hem-de köpasyrlyk şöhratly däplerini dikeltmek, gorap saklamak we dowam etdirmek, ugurdaş ylmy höweslendirmek, deňi-taýy bolmadyk arassa ahalteke tohumynyň baş sanyny köpeltmek, ony dünýäde giňden wagyz etmek, bu ulgamda netijeli halkara hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek boýunça giň möçberli işler amala aşyrylýar.

Milli Liderimiziň başlangyjy boýunça edara binasy Aşgabatda ýerleşýän Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasy döredildi. Bu assosiasiýa dürli ýurtlaryň atşynaslarynyň we ippologlarynyň duşuşmagy hem-de tejribe alyşmagy üçin netijeli gurama öwrüldi.

Ýurdumyzda her ýyl Türkmen bedewiniň milli baýramy giňden bellenilýär. Däp bolşy ýaly, bu baýrama gabatlanyp, Ahalteke atlarynyň halkara gözellik bäsleşigi, medeniýet işgärleriniň we sungat ussatlarynyň arasynda atlaryň keşbini şekillendirmek boýunça döredijilik gözden geçirilişleri, at çapyşyklar we beýleki çäreler guralýar.

Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynyň “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar topary Diýarymyzyň daşynda hem uly meşhurlyga eýedir. Soňky ýyllarda bu topar birnäçe halkara bäsleşiklere gatnaşyp, abraýly baýraklara mynasyp boldy. Toparyň daşary ýurtlardaky çykyşlary uly üstünlige beslendi.

Gülnar Berdimyradowa,  TOHU-nyn talyby.

 

Ýerli ýolagçy howa gatnawlaryň tertibinde üýtgeşiklik

Ýene-de okaň

Bilim – röwşen geljegimiziň gözbaşy

Täsin geografiýaly toprak

Üstünligi ýola goýmak derejesi

Teswirle