– Kazanyň dikuçar zawody Türkmenistana “Mi-8” we “Ansat” kysymly lukmançylyk maksatly 2 sany dikuçary ibermek boýunça gepleşikler geçirýär. Ýakyn wagtda bu dikuçarlaryň iberilmegine degişli guramaçylyk işleri geçiriler – diýip, ministr Oleg Korobçenko Aşgabatda geçirilen söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-tatar toparynyň mejlisiniň çäklerinde belläp geçdi.
Ozal habar berlişine görä, Kazanyň dikuçar zawody 2009-2021-nji ýyllar aralygynda Türkmenistana 13 sany dikuçar iberdi.