TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
JEMGYÝET

Täsin kofe

Lukmanlar, her näçe az içmegi maslahat berýän hem bolsa, kofe gündelik durmuşymyzyň bir parçasyna öwrüldi. Elbetde, güýç berip, günüň dowamyndaky işjeňligimize goşant goşýan hem bolsa, kofeniň saglygymyza käbir zyýanlaryndan, şol sanda dişimizde galdyrýan ýakymsyz yzyndan halas bolmak kyn.

Ýöne munuň hem çäresi tapyldy. Slowakiýaly Adam we Dewid Nadiler dişde yz galdyrmaýan kofeni oýlap tapdylar. Hatda olaryň işläp taýýarlan kofesi dökülen geýimlerinde hem yz galdyrmaýar.

Eýsem, bu täsin kofe nähili we nämeden taýýarlanyldy? Biler bolsaňyz, bu syr şu habary alan çeşmämize hem nämälim. Aslynda, kofeni döredijiler bu syry hiç kime açanok. Ýöne adamlary onuň syryndan beter dişdir lybaslarymyzda yz galdyrmaýanlygy gyzyklandyrýar.

 

«PETRONAS Çarigali (Türkmenistan) Sdn Bhd» kompaniýasyda täze iş orunlary

 

Ýene-de okaň

Azerbaýjanyň Milli Mejlisiniň Başlygy Sahiba Gafarowa Türkmenistanyň ýokary sylagy bilen sylaglandy. 

Azerbaýjanyň Milli Mejlisiniň başlygynyň Aşgabada sapary

Ata Watan Eserleri

Türkmenistan Russiýanyň Merkezi Aziýadaky strategik hyzmatdaşy

Teswirle