Täsin jandar – Zebra şekilli Duker

Belli bolşy ýaly ýer ýüzünde ýaşaýan ösümlikler we haýwanlar bir birleri bilen aýrylmaz berk baglanyşygy saklaýar. Ösümlikler ýer ýüzünde erkin kislorodyň emele gelmegine gatnaşýan bolsa haýwanlar hem öz gezeginde ösümlikleriň, ot iýýän ownuk haýwanlaryň sanyny sazlaýjy bolup çykyş edýär. Şeýle hem olaryň arasynda özüniň owadanlygy täsinligi bilen şeýle  hem daşky keşbi boýunça hem biri-birlerinden tapawutlanýarlar. Daşky keşbi, reňki iýmitlenişi we ýaýraýşy boýunça beýleki haýwanlardan tapawutlanýan bu Zebra şekilli haýwan Duker diýip atlandyrylýar.

Duker haýwanlar şalygyna Hordalylar tipine degişli. Duker sözi aslynda afrikanyň sözlüginiň duik işligi hasaplanyp “sowulmak” diýen manyny berýär. Ýerli awçular awa çykan wagtynda dukerler derrew bukulup ýa-da gür tokaýlyga sowulmak bilen bolýan ekeni. Bu jandar  iki sany ýaşaýşy alyp baryp bukulup we gizlin ýerlerde ýaşaýar. Kiçijek toýnakly örän seresaply bu täsin jandar adamlaryň gözüne örän seýrek ýagdaýda görünýär. Emma şeýle hem bolsa Merkezi Afrikanyň Pigmeý taýpalarynyň wekilleri bu haýwany özboluşly usul boýunça awlaýarlar ýagny olar dukerleri adaty bolmadyk ses arkaly çagyrýarlar. Olar gür gyrmysy agaç tokaýlarynda özüniň bedeniniň reňki sebäpli agaçlaryň arasynda görünmän saklanýarlar.

Dukerler ekrançylyk önümleri we gyrmysy agaçlaryň ýapraklary bilen iýmitlenýär. Örän seýrek ýagdaýlarda ölen ownuk jandarlar bilen hem iýmitlenip bilýär. Zebra şekilli dukeriň boýunyň uzynlygy 70-den 90 sm, beýikligi geriş bilen alnanda 40 sm-den 50 sm çenli ýetýär. Guýrugynyň uzynlygy 10-15 sm aralygynda bolup, agramy 9 kg-dan 20 kg çenli ýetip bilýär. Dukerleriň arka tarapy öwrüm şekilinde bolup uly döşlek we güýçli ösen myşsa ulgamy bar. Beýleki toýnakly haýwanlardan tapawutlylykda dukerleriň şahy we aýagy gysga,  toýnaklary bolsa ýaýraň bolýar. Dukerleriň ýyrtyjy haýwanlardan goranmaga şeýle hem gyrmysy agaçlaryň arasynda bukulmaga ýardam edýän ýagty mämişi reňkli ýüňi bolýar. Arka tarapynda edil çekilen surat ýaly öwüşgün atyp, täsin görünýän 12-15 sany gara “zebra” çyzyklary bar. Bu çyzyklar dik we gapdallaýyn seredeniňde has aýdyň bildirýär. Bu jandaryň bedeniniň reňki ýaýraýyş gurşawyna görä ak reňkden gara reňke çenli boýalýar. Urkaçy dukerler bir nesil berýän jandarlara degişli bolup, bogazlyk döwri 221-229 gün bolýar.  Nesiliň dogulan wagtyndaky agramy 1,8  kg çenli bolýar. Täze dogulan jandaryň ýüňi gök reňke çalymdaş bolup, 7-9 aýdan soňra olaryň ýüňüniň reňki edi uly osoblaryň ýüňüniň reňkine meňzeýär. Bu täsin we owadan jandarlar Günbatar Afrikada duş gelýär. Olar gür ýaprakly tokaýlarda ýaşaýarar. Mundan başga-da Dukerlere seýrek ýagdaýda  Gwineýada, Liberiýada, Serra-Leonda ýaly ýurtlarda duş gelýär.

 

Ogulnur MUHANOWA,

                                              Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby

 

“Inter” 11 ýyldan soňra çempion boldy