TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
SIZDEN GELENLER

Täsin arheologik tapyndylaryň syry  

Hormatly Prezidentimiziň “Medeniýet halkyň kalbydyr” atly eserinde “Türkmen halkynyň baý milli medeniýeti uzak taryhyň synagyndan geçip, sünnälenip, kämil görnüşde şu günki bagtyýar nesillerimize ýetirildi” diýip nygtaýşy ýaly, milli sungatymyzyň, mirasymyzyň taryhyny öwrenmek boýunça uly işler amala aşyrylýar. Milli taryhymyzda ata-babalarymyzyň döreden döwletleri, medeniýeti şol sanda sungat eserleri hakyndaky maglumatlar we ýadygärlikler bu günki günde ýaş-nesiller üçin bahasyna ýetip bolmajak baýlyk hasaplanylýar. Sebäbi eziz Watanymyzyň iň gadymy ýaşaýjylary ilkinji dini ynançlaryny we ruhy medeniýetini diňe sungat eserleriň üsti bilen beýan edipdirler. Şol sungat eserleriniň hatarynda Watanymyzyň çäginde ýerleşýän arheologik ýadygärliklerden tapylan toýundan ýasalan zenan keşpli heýkelleri möhüm orun eýeleýär. Bu zenan keşpli heýkelleri diňe bir biziň ata-babalarymyzyň döreden ilkinji ruhy medeniýetiniň ýagty ýadygärligi bolman eýsem, iň gadymy döwürlerde  ilatyň zenanlara goýan hormatyny, medeniýetde we sungatda ýeten sepgidini şöhlelendirýän taryhy çeşme bolup hyzmat edýär.

Mälim bolşy ýaly, Türkmenistan dünýä medeniýetiniň gadymy ojagynyň merkezidir. Bu ýerlerde iň gadymy döwürlerden, ýagny täze daş – asyryndan başlap (b.e.öňki VII-VI müňýyllyklar) ilkinji ekerançylyk hojalygy bilen meşgullanýan ilat ýaşapdyr. Ekerançylyk bilen meşgullanan ilatyň arasynda hasyllyga uýmak ýörgünli bolupdyr. Şonuň üçin hem, Türkmenistanyň gadymy ýaşaýjylary ýeriň bol hasyllygyny adamlary dünýä indirýän, ony ösdürip kemala getirýän Enä deňäpdirler. Olar şeýle uly hormat we söýginiň esasynda zenanlaryň keşbini ajaýyp sungat eserlerinde ebedileşdiripdirler. Bu babatda hormatly Prezidentimiz “Türkmen medeniýeti” atly eserinde “Jeýtun medeniýetine degişli  ýadygärliklerde ekerançylygyň we bereket-rysgalyň hudaýy hasaplanylan zenanyň heýkelleri pederlerimiziň ruhy dünýäsinde jadyly güýje eýe bolan mukaddeslik hökmünde öýüň töründe, ýörite gurlan tagçalarda arzylanyp saklanypdyr. Ybadat dessurlary berjaý edilipdir, sadaka berlipdir” diýip nygtaýar.

Antik  eýýamynda (b.e.öňki III asyrdan b.e. III asyra çenli)  bu zenan keşpli heýkeller örän täsin bezelen görnüşde çeperçilik eseri hökmünde beýan edilipdir. Ylaýta-da, häzirki Mary welaýatynyň çäginde ýerleşýän Gäwürgala ýadygärliginde beýleki tapyndylar bilen deň derejede  zenan keşpli heýkelleriň başy tapyldy. Onda zenanyň başgaby täje meňzeş bolup, aşagynda iki setir keseligine gidýän nagyşdan jähek we başga-da birnäçe şekilli bezegler bolupdyr. Heýkeljikde beýan edilýän zenanyň saçy başgabyň içinde ýygnalypdyr we heýkelde şöhlelendirilýän zenanyň alny häzirki döwürde hem türkmen zenanlaryna mahsus bolşy ýaly göni açylypdyr. Zenan keşpli heýkeliň  başgaby türkmen zenanlaryň durmuşa çykan dessine başyna geýýän “börügine” kybapdaş gelýär. Heýkeliň başgabyndaky nagyşlar hem öz gezeginde häzirki döwrümizde türkmen zenanlarynyň börüginiň öň tarapyna dakýan “kerpiçli maňlaýlyk”,  “kebelek” ýaly milli bezeg şaý-seplerine örän meňzeş bolupdyr. Käbir zenan keşpli heýkelleriniň başgabynyň arka tarapynda ýaglyga meňzeş mata uzalyp gidýär. Bu bolsa häzirki döwrümizde zenanlarymyzyň börügi bilen birleşip arka tarapynda durýan gyňajy ýada salýar. Şol ýadygärlikden tapylan käbir zenan keşpli heýkelleriň özüne laýyk gelýän uzyn köýnegine gyzyl reňkde boýag çalynyp, onuň üstünden hem sary reňde dikligine gidýän göniçyzygyň şekilledendirilen görnüşlerine gabat gelindi. Bu bolsa häzirki döwürde zenan lybaslarynyň arasynda giňden ýaýran keteni matany ýada salýar. Şoňa laýyklykda sungaty öwreniji alym Nurgözel Bäşimowa Lebap welaýatynyň çäginde ýerleşýän Akgala ýadygärliginden  tapylan zenan keşpli heýkeline aýratyn üns çekýär. Bu zenan keşpli heýkel türkmen  zenanyna mahsus oturyşly, aýaklaryny dolap duran uzyn köýnekli, başy börükli we öňüne ýaşmak aýlanan gyňaçly, ýüzi şol sebitiň zenanlarynyňky ýaly dolmuş görnüşde şekillendirilipdir. Diýmek, ýokarda getirilen maglumatlara göz ýetirsek, zenan keşpli heýkeller türkmen milli zenan lybaslarynyň, şaý-sepleriniň taryhy köklerini we Watanymyzyň medeni mirasynyň ýagşylyga ýugrulan maddy-ruhy gymmatlyklaryny şöhlelendirýär.

Gadymy Merwiň Odynçydepe ýadygärliginden tapylan zenan keşpli heýkeliniň özüne laýyk gelýän köýneginiň aşak böleginde ýüzi nagyşly aýratyn mata şekillendirilipdir. Sungaty öwreniji alym Galina Anatoliwna Pugaçenkowa bu  zenan keşpli heýkelini ýerli heýkeltaraşlyk sungatyna degişli etmek bilen onda şekillendirilen ýüzi nagyşly aýratyn matanyň häzirki döwürde türkmen gelin-gyzlarynyň her dürli nagyşlar bilen keşdeläp bezeýän geýimine gabat gelýändigini belleýär. Gürrüň edilýän döwürde ösen şäherçeleriň biri bolan Gäwürgala ýadygärliginden tapylan zenan keşpli heýkeliniň beýleki görnüşinde başy börüge meňzeş başgap we goşarynda güberçek birnäçe gatly bezeg şekillendirilipdir. Bu täsin bezeg häzirki döwürde birnäçe goşma (käbirleri 8-9 goşma), ýüzi hakyk daşlar bilen bezelen türkmen zenanlarynyň goşaryna dakynýan milli bezegi bolan bilezige örän meňzeş gelýär. Şeýle-de bu zenan keşpli heýkeliň gursagynda ullakan tegelek bezeg türkmen gelin-gyzlarynyň milli şaý-sepi “gülýakany” we onuň lybasynyň daş-töwereginde şekillendirilen kiçi göwrümli tegelek şekilli bezegleriň bolsa häzirki döwürde çabytlara dakylýan “çapraz-çaňňa” şaý-sepine kybapdaş gelýär.

Türkmenistanyň çäginde geçirilen gazuw-agtaryş işleriň netijesinde Gadymy Merwden esasan hem, Gäwürgala ýadygärliginden zenan keşpli heýkelleriniň köp dürlüsi tapylypdyr. Olaryň arasynda häzirki döwürde türkmen zenanlarynyň başyna dakynýan börügine meňzeş görnüşinde başgaby bolan we eli ýüz görülýän  aýnaly şekillendirilen  zenan keşpli heýkeller ünsüňi aýratyn özüne çekýär. Heýkelde şekillendirilen zenan maşgalanyň sag eli  döşünde, çep eli aşak goýberilen halda bolup, ol  ýaşaýşyň we paýhaslylygyň düzgünlerine laýyk gelýän manyny berýär. Merwli zenan keşpli heýkellerde aýna şekillendirilmegi hakynda alymlar dürli pikirleri öňe sürüpdirler. Galina Anatoliwna Pugaçenkowa ýüz görülýän aýnany müsürlileriň zenan hudaýy Isida bilen baglanyşdyrýar we olaryň Merwiň zenan keşpli hudaý heýkellerine öz täsirini ýetirendigini belleýär. Beýleki bir sungaty öwreniji alym Lazer Izraýlewiç Rempel öz gezeginde ýüz görülýän aýna ýerli dini däpleriň bir guraly hökmünde baha berýär. Ýüz görülýän aýnanyň jadylaýjy güýji halkymyzyň gahrymançylykly “Görogly” eposynda hem ýüze çykýar. Onda, Görogly aradan çykmagynyň öň ýanynda  aýaly Agaýunusa seredip, dünýäde näme bolýandygyny görüp bolýan ýüz görülýän täsin aýnany sowgat berýär. Eger Göroglynyň aýaly Agaýunusyň ýerli gyz däl-de, peridigini göz öňünde tutsak, onda bu wakada eli ýüz görülýän aýnaly  zenan keşpli hudaý heýkeliniň keramaty yzarlanylýar. Ýüz görülýän aýnanyň mukaddesligi hakynda hormatly Prezidentimiziň “Türkmenistan – Beýik ýüpek ýolunyň ýüregi” atly eserinde getirilýän rowaýatda beýan edilýär. Onda gürrüň edilişine görä, iň gadymy döwürlerde Kakanyň (gadymy Abywerd) ilatyna kesekiler çozupdyr. Bu ýeriniň patyşasy ýüz keşbiňi ýoýup görkezýän täsin aýnalary şäheriň gala diwarlarynyň daşky tarapynda goýmagy buýrupdyr. Ýüz keşplerini ýoýulan şekilde gören duşman goşunynyň esgerleri gülmekden ýaňa özlerini ýitirip, şol ýerde aradan çykmak derejesine  baryp ýetipdirler. Şeýdip, aýnanyň kömegi bilen patyşa duşman goşunlaryny ýeňip üstün çykypdyr. Taryhçy alym Öwez Gündogdyýew öz işinde bu rowaýatda gürrüň edilýän patyşanyň Kakaşin atly zenan maşgala bolandygy hakynda belleýär. Şol sebäpli hem, ýerli ilat zenan  patyşanyň hormatyna bu şäheri “Kaka” (häzirki Kaka etraby) diýip atlandyrypdyr. Häzirki döwrümizde belli bolşy ýaly, durmuşa çykjak gyzyň ýüz görülýän aýnany bukjasyna salyp öz ýany bilen alyp gitmek däbiniň hökmany hasaplanylmagy, zenan keşpli heýkellerde şekillendirilen ýüz görülýän aýnanyň şol döwürlerde ýerli dessuryň bir guraly bolandygyndan habar berýär.

Gäwürgala ýadygärliginden tapylan zenan keşpli heýkeliniň beýleki görnüşinde, eli bilen gylyja daýanyp duran görnüşde beýan edilipdir. Gylyç söweşiň aňlatmasy bolup, bu ýerde hasyllylygyň we bereketliligiň zenan keşpli hudaý heýkeliniň şäheri goraýjy, söweşiň zenan keşpli hudaýy bilen utgaşandygyny görkezýär. Muňa aýdyň mysal hökmünde bolsa, maşgala ojagynyň ýylysyny saklap, mähirli ene, wepaly zenan, rehimdar dogan bolmak bilen birlikde, gerek ýerinde öz ata Watanyny ganym duşmanlardan merdanalyk  bilen goran türkmen zenanlarymyz hakyndaky rowaýatlar, hekaýatlar halk döredijiliginde aýratyn öz beýanyny tapandygyny aýtmak bolar. Halkymyzyň arasynda urşuň we şäher goragçysynyň zenan keşpli howandary hakyndaky düşünjeleriň saklanyp galyp, ilatly ýerlerde ebedileşendigine Watanymyzyň çäginde ýerleşýän  ençeme taryhy we arheologik ýadygärlikleriň zenan atlary bilen baglanyşykly bolmagy şaýatlyk edýär. Mysal üçin, Balkan welaýatynyň Paraw obasyndan 2 kilometr uzaklykda ýerleşýän Parawbibi ýadygärligi hakyndaky gyzykly rowaýatda Parawbibi atly türkmen zenanyň ýurduna çozan duşman goşunlaryna garşy gaýduwsyz göreşip, ýeňiljegine gözi ýetse-de duşmanlaryň eline diri düşmezlik üçin, Allatagalla dileg etmegi esasynda dagyň ikä bölünip, onuň hem şol ýere girip gidendigi hakynda aýdylýar. Sungaty öwreniji alym G.A. Pugaçenkowa Parawbibi hakynda hekaýatyň orta asyrlardan hem irki döwürlere degişlidigini belleýär. Şeýle hem, Daşoguz welaýatynyň çäginde ýerleşýän Togalakdepe ýadygärliginiň gaýduwsyz türkmen gyzy bilen baglanyşykly rowaýaty bar. Onda gürrüň edilişine görä, mongollaryň patyşasy Çingiz hanyň goşunlaryna garşy gahrymanlarça göreşip, ýeňlenlerinden soňra hem duşmana boýun bolmadyk türkmen gyzynyň şol depede zalym hanyň buýrugy bilen diriligine gömlendigi hakynda gürrüň edilýär. Diýmek, söweş lybasly zenan  keşpli heýkelleriň çeper bezegleriniň aňlatmasy, häzirki günlerimize çenli ýetip gelen türkmen zenanlary hakyndaky gahrymançylykly rowaýatlarda öz beýanyny tapýar.

Gadymy sungat eserleriň taryhy öwrenmekde möhüm ähmiýeti hakynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow “Türkmen  medeniýeti” atly eserinde “Çeper hem çylşyrymly sungat ata-babalarymyzyň ruhy dünýäsiniň, şöhratly geçmişiniň, gözel tebigatynyň özboluşly şöhlelenmesidir” diýip nygtaýar. Şoňa görä zenan keşpli heýkeller Türkmenistanyň iň gadymy ýaşaýjylarynyň arasynda dini ynançlarda aýratyn orun eýeläpdir. Olar hasyllygyň, urşuň, şäher goragçysynyň we abadançylygyň howandary hökmünde görlüpdir. Zenan keşpli heýkeller jaýlarda, köşklerde, ybadathanalarda goýlupdyr. Biziň ata-babalarymyz zenanlary durmuşy dowam etdiriji çeşme we jemgyýetiň hereketlendiriji güýji hökmünde görmek bilen, olara uly hormat goýupdyrlar. Şeýle hormat we söýgi ajaýyp sungat eserleriniň döremegine sebäp bolupdyr. Bu sungat eserleri öz gezeginde diňe bir Türkmenistanyň gadymy ilatynyň ruhy dünýäsini şöhlelendirmän, eýsem, şol döwürlerde Watanymyzyň çäginde ösen medeniýetimiziň, özboluşly sungatymyzyň bolandygyna şaýatlyk edýän subutnama we şöhratly taryhymyzy öwrenmek üçin bahasyna ýetip bolmajak taryhy çeşme hasaplanylýar.

 

 

                                  Maýagözel MOMMALYÝEWA,

Magtymguly adyndaky TDU-nyň taryh fakultetiniň arheologiýa

hünäriniň talyby.

Syýahatçylyk Sahypamyz

Global pandemiýa şertleri tamamlanandan soňra haýsy ýurda syýahata gitsem diýýänler we syýahat etmegi söýýänleriň sahypasy

Ýene-de okaň

Dostlukly gatnaşyklara uzaýan ýollar

Türkmenistan – iri energetika döwleti

Garaşsyzlyk ýyllarynyň rowaçly üstünlikleri

Ata Watan Eserleri

Teswirle