BILIM

Taryhy tapyndylar sanly ulgam bilen öwrenilýär

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Taryh we arheologiýa institutynyň alyp barýan ylmy-barlag işlerini maglumatlar web-gi­ňişliginde ýaýratmagy üpjün etmek, innowasion-maglumat häsiýetli taslamalary döretmek we ösdürmek boýunça işler durmuşa geçirilýär ― diýip, «Türkmenistan» gazeti habar berýär.

Türkmenistanyň Prezidentiniň institutyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak maksady bilen sowgat beren, häzirki zaman talaplaryna laýyk gelýän döwrebap enjamlary bolan «LEA-S500» köpugurly barlaghanasy we ýöriteleşdirilen antropologik we beýleki enjamlary Watanymyzyň müň­lerçe ýyllyk gadymy taryhyny öwrenmekde, arheologik tapyndylary barlamakda täze mümkinçilikleri açýar. «LEA-S500» köpugurly kiçi barlaghanasy arheologik barlaglaryň netijesinde tapylan tapyndylaryň bölekleriniň lazer barlagy esasynda himiki düzümini anyklaýar.

Institutda Türkmenistanyň ilatynyň antropologik we fiziki aýratynlyklaryny öwrenmekde, şeýle hem ata-babalarymyzyň gadymy keşplerini dikeltmekde we halkymyzyň etniki gelip çykyşyna göz ýetirmekde Şweýsariýa döwletiniň belli «DKSH» kompaniýasynyň önümi bolan rejeleýji we antropologik enjamlar ulanylýar. TYA-nyň Tehnologiýalar merkeziniň alymlary bilen ylmy hyzmatdaşlyk esasynda, täze tehnologiýalaryň ulanylmagy bilen, Türkmenistanyň antik döwrüniň arheologik ýadygärlikleriniň interaktiw elektron kartasyny düzmek boýunça ylmy iş ýerine ýetirilýär.

Institutyň alymlary arheologik ýadygärlikleriň beýikligini, göwrümini ölçemek üçin elektron taheometr, elde göterilýän nawigator, GPS nawigator ýaly enjamlardan netijeli peýdalanýarlar. Şeýle hem institutyň muzeýinde arheologik tapyndylaryň aýawly saklanyş şertlerini kada laýyklamak, rejeleýiş işlerini geçirmek, ýadygärlikleriň koordinatlaryny we instrumental meýilnamasyny almak üçin ulanylýan enjamlar-da bar.

Ýene-de okaň

Türkmen ýaşlary 2025-2026-njy okuw ýylynda Rumyniýa okuwa iberiler

Günorta Florida uniwersitetinde kiberhowpsuzlyk we emeli aň kolleži döredilýär

Türkmen talyplary matematika olimpiadasynda 26 medal gazandy

“British International University Turkmenistan” taslamasyny döretmek teklip edilýär

Türkmenistanda “Lu Ban ussahanasyny” dörediler

Türkmenistanda “Nazary mehanika” dersi boýunça halkara internet olimpiadasy geçirilýär