TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
SIZDEN GELENLER

Taryhy gymmatlyklara belent sarpa

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda müňýyllyklary aşyp gelýän taryhy-medeni ýadygärlikleri gorap saklamak, olary ylmy esasda öwrenmek boýunça uly işler amala aşyrylýar.

1983-nji ýylda ajaýyp ýerleri we ýadygärlikleri goramak meselesi boýunça Halkara Assambleýa tarapyndan kabul edilen kararyň netijesinde 18-nji aprel taryhy ýerleri we ýadygärlikleri goramagyň Halkara güni diýlip yglan edildi. Indi şondan bäri bu sene ÝUNESKO-nyň senenamasynda baýramçylyk günleriniň hatarynda möhüm ýeri eýeläp gelýär. Bu guramanyň halkara meýdançasynda esasy wezipeleriniň geljekki nesiller üçin medeni ýadygärlikleri hem tebigy ýerleri gorap saklamakdyr.

Bu baýramçylyk biziň ýurdumyzda hem bellenilip geçilýär. Şu günki gün Bütindünýä mirasyň sanawyna halkymyzyň köp asyrlyk taryhynda üç sany ajaýyp ýadygärlikler girizildi. Bu taryhy-medeni goraghanalar «Gadymy Merw» (1999-njy ýyldan bäri), «Köneürgenç» (2005-nji ýyldan bäri), we Nusaý galasy (2007-nji ýyldan bäri) taryhy ýädygärlikleridir. Olaryň ylmy we taryhy ähmiýeti milli çäklerimizden uzaklara ýaýrap, häzirki we geljekki nesilleriň dünýä gymmatlyklaryna wekillik edýär. Taryhy-medeni mirasymyzyň gymmatlygyny gorap saklamak döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biri hasaplanýar. Çünki Türkmenistanyň çäklerinde dünýäde ilkinji ekerançylygyň gadymy ýadygärlikleri, Goňur depe, Namazga depe, Altyn depe, Jeýtun we Änew ýerleşendir. Gaýanyň ýüzündäki suratly Bezegli depe, Abiwertdäki, Sarahsdaky, Amyderýanyň kenarlaryndaky gadymy galalaryň arhitektura toplumlary we aýratyn gurluşyklary bütindünýä bellidir.

Golaýda Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Milli taryhy-medeni mirasyň obýektlerini aýap saklamagyň, goramagyň, öwrenmegiň hem-de olara syýahatçylary çekmegiň 2022 — 2028-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasy hem-de şu maksatnamany amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasy tassyklanyldy. Kabul edilen Meýilnamanyň çäklerinde milli taryhy-medeni mirasymyzyň desgalaryny resmilerşdirmek we hasaba almak boýunça işleri dowam etmek şeýle-de olary Döwlet sanawyna goşmak göz öňünde tutulýar.

Çary Çaryýew, TOHU-nyñ talyby.

Ýadygärliklere bagyşlanan halkara ylmy duşuşyk

Ýene-de okaň

Türkmen halky Garaşsyzlyk toýun toýlaýar

Dostlukly gatnaşyklara uzaýan ýollar

Türkmenistan – iri energetika döwleti

Teswirle