TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
JEMGYÝET

Taryhda şu gün – 23-nji sentýabr

23-nji sentýabr ýylyň 266-njy güni. Geliň, taryhda 23-nji sentýabrda bolup geçen taryhy wakalar, dünýä inen adamlar we aradan çykanlar bilen gysgaça tanyş bolalyň.

Taryhy wakalar:

1908 – Kanadanyň Edmonton şäherinde Alberta uniwersiteti açyldy.

1920 – Aleksandr Millerand Fransiýanyň Prezidenti wezipesine saýlandy.

2012 – Eýran Yslam Respublikasy “Google” gözleg enjamyny ulanylmagyny blokirledi.

1999 – “NASA” Mars Klimat Orbiteri bilen aragatnaşygyny ýitirendigini habar berdi.

1984 – 36-njy “Emmy” baýraklary gowşuryldy. Onda Hill St Blue, Cheers, Jon Ritter we Tyne Daly ýeňiş gazandy.

Dünýä inenler:

1945 – Igor Iwanow, rus syýasatçysy we diplomaty, Russiýanyň Daşary işler ministri.

1940 – Mişel Temer, Braziliýaly aklawçy we syýasatçy Braziliýanyň 25-nji Wise-Prezidenti.

1936 – Walentin Paniagua, Perunyň aklawçysy we syýasatçysy, Perunyň 91-nji Prezidenti.

1915 – Klifford Şull, Amerikaly fizik we akademik, Nobel baýragynyň eýesi.

1901 – Ýaroslaw Zeýfert, çeh şahyry we žurnalisti, Nobel baýragynyň eýesi.

Aradan çykanlar:

2012 –  Pawel Graçýow, Russiýanyň Generaly we syýasatçysy, şeýle hem Russiýanyň ilkinji Goranmak ministri.

2018 – Gary Kurtz, Amerikaly kino prodýuseri.

1973 – Pablo Neruda, Çili döwletiniň şahyry we diplomaty, Nobel baýragynyň eýesi .

1764 – Robert Dodsli, Iňlis şahyry we dramaturg.

1974 – Kliff Arket, Amerikaly aktýor we komediýaçy.

 

Tehnologiýa Sahypamyz

Tehnologiýa dünýäsinde bolup geçýän wakalar we täze açyşlar bilen gyzyklanmaýan okyjy ýok bolsa gerek!

 

 

Ýene-de okaň

Türkmenistan-Koreýa Respublikasy: parlament ugry boýunça ylalaşyga gol çekildi

“Türkiýe-Azerbaýjan-Türkmenistan” üçtaraplaýyn sammiti Awazada geçiriler

Prezident Ärdogan Türkmenistanyň daşary işler ministrini kabul etdi

Teswirle