SIZDEN GELENLER

Taryha şamçyrag bolan gytmmatly kitap

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň beýany bolan şanly wakalar, hoş habarlar göwünlere ganat baglap, uly ruhubelentlik döredýär. 23-nji martda sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde hormatly Prezidentimiziň «Änew—müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly täze kitabyny ýazyp tamamlandygy barada habar bermegi «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň şatlyk-buýsanjyny has-da artdyrdy.

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň çuň many-mazmunly täze kitaby şöhratly taryhymyzda mynasyp orny eýeläp, müňlerçe ýyllaryň dowamynda dünýäniň görnükli alymlary tarapyndan öwrenilen, netijede, gadymy siwilizasiýalaryň biri hökmünde dünýäde ykrar edilen Änew medeniýetine bagyşlanýar. Geçmişe bolan sarpany, taryhymyza bolan buýsanjy artdyrýan bu kitap 2024-nji ýylda Änew şäheriniň «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmegi mynasybetli gadymy Oguz ýaýlasynda badalga alan toý dabaralaryna ajaýyp sowgat boldy.

Türki dünýäsiniň medeniýetinde aýratyn orun alan gadymy Änew topragynyň baý taryhy bar. Bu gün Änew şäheri täze döwrüň döredijilik ruhuna laýyklykda, barha özgerýär, gözel keşbe beslenýär, geçmişdäki şan-şöhraty gaýtadan dabaralanýar. Şonuň bilen baglylykda, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly täze kitabynyň çapdan çykmagy bu gadymy şähere bolan buýsanjymyzy artdyrdy. Täze kitabyň Änewiň baý taryhyny öwrenmekde, şu günki ösüşlerine göz ýetirmekde gymmatly hazyna boljakdygyna ynanýarys.

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda Watanymyzyň jemgyýetçilik-syýasy durmuşynda bolup geçýän taryhy wakalar, dürli ugurlarda gazanylýan üstünlikler, ýetilýän sepgitler ildeşlerimiziň beýik işlere goşant goşmaga hyjuwyny artdyrýar. Hormatly Prezidentimiziň «Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly täze kitabynyň halkymyza sowgat edilmegi hem şeýle taryhy wakalaryň biri bolmak bilen, ulus-ilimiziň, şol sanda biz — bilim işgärleriniň watançylyk ruhuny belende göterýär.

Hormatly Prezidentimiziň “Gadymy Änewiň täsinligi”, “Taryhy birleşdirýän uly wakalar”, “Ahal ýaýlasynda gadymy Änewiň şöhratly ýoly dowamata uzaýar” atly baplardan hem-de “Rowaýata öwrülen geçmiş”, “Gatar — Bagabat — Änew”, “Gadymy Änew medeniýeti”, “Änewiň arheologik däpleriniň öwrenilişiniň taryhyndan”, “Änew medeniýeti we türki dünýä”, “Geçmişiň syry galan toprak”, “Watan hakyndaky müdimi owaz” atly bölümlerden ybarat bolan bu kitaby çuňňur mazmunly taryhy maglumatlaryň üsti bilen türkmen halkynyň şanly geçmişi dabaralandyrylýar.

Näzik Soltanowa,

Ahal welaýat maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebiniň mugallymy.

Ýene-de okaň

Türkmenistan – medeniýetiň we sungatyň sarpalanýan ýurdy

Matematika we sanly tehnologiýalaryň ähmiýeti

Ata Watan Eserleri

Nebitgaz senagaty – milli ykdysadyýetiň binýatlyk pudagy

Ata Watan Eserleri

Bilimli ýaşlar — Watanyň beýik gurujylary

Medeniýet halkyň kalbydyr

Bilimli ýaşlar — guwanjymyz