30/11/2020 6:06
Home TARYH Seýitjemaleddin ýadygärligindäki aždarhanyň keşbi

Seýitjemaleddin ýadygärligindäki aždarhanyň keşbi

Seýitjemaleddin Ýadygärlikler Toplumy” atly makalamyza dowam edýäris. Makalamyzyň ikinji bölüminde “Aždarha totemi: Seýitjemaleddin Ýadygärlikler Toplumy” barada durup geçipdik.

Gadymy Gündogarda reptilýalara (ýylanlara) jada  gatnaşygy bolan syrly güýç hökmünde seredipdirler. Onuň uýmasy esasan Müsürde, Hindistanda we Mesopotamiýada meşhurlyga eýe bolupdyr. Soňky onýyllyklaryň arheologiýa barlaglary bu keşbiň Baktriýanyň we Margiananyň ideologik ulgamynda giňden ýaýrandygyny tassyklady. Emma Horasanyň ilatynyň düşünjesinde ýylanyň keşbi müňýyllyklaryň dowamynda birnäçe gezek üýtgäpdir. Taryh ylymlarynyň kandidaty M.A.Mämmedow bu ýagdaýy:“Bürünç döwrüniň möhürlerinde onuň (ýagny, ýylanyň- B.A.) şekili diňe hasyllylyk ideýasynyň simwolaşdyrman, eýsem-de, ynsan urugynyň howply duşmany hökmünde şekillendirýär” diýip, ýerlikli kesgitleýär. Alym öz pikirini Margianadan ynsany iýýän aždarha çekilen möhür bilen berkidýär.

Biziň pikirimizçe, aždarhanyň bu keşbi gadymymesopotam mifleriniň täsiri astynda geçen bolmaly: onda aždarha ýoňsuz gara güýji, başagaýlygy we gahar-gazaby döredýän hökmünde öňe çykýar.

Ýöne onuň bilen ugurdaş ikinji- urşy, häkimligi we güýji şöhlelendirýän aždarhanyň keşbi hem döreýär. Bu eýýämhaçan Parfiýa patyşalygy wagtynda emele gelýär. Aždarhanyň bu personažy müňýyllyklaryň dowamynda bolup geçen irki türk migrasion tolkunlary bilen aralaşyp, X-XI asyrlarda doly berkäp, Beýik Seljuklaryň, soňlugy bilen Ilhanylaryň (1258-1353 ýý.) hem-de, ýokarda nygtaýşymyz ýaly  Artyklaryň tugunda we tugrasynda orun alýar.

Ýeri gelende aýtsak, aždarhalar adatça gyzyl, ak gara, gök, sary, ýaşyl, ala-mula bolýar. Diňe sary reňkli aždarhalaryň penjesi bäş barmakly (galanlary 4 barmakly.-B.A.) suratlandyrylýar. Ine, Änewdäki jandarlar şu, ýagny bäş barmakly görnüşde-dir. Bellenmeli delil, sary reňkli, penjesi bäş barmakly we dyrnakly aždarhalar Hytaýda orta asyrlarda imperator häkimýetiniň simwoly hasaplanypdyr. Hususan-da, akademik G.A.Pugaçenkowa şeýle ýazýar: “Bu-görnüşi boýunça hytaýgörnüşli aždarhalar bolup, olaryň keşbi Orta Aziýanyň we Eýranyň şäher medeniýetine giripdir we bu ýerde ikonografik taýdan yslamýetden ozal galypdyr”.

 

M.Dostoýewskiniň sözleri bilen aýtsak: “Aždarhalar uzak we bagtly durmuşyň simwolydyr”. Emma awtor esasy meselede welin bärden gaýdýar. Onuň bellemegine görä: “Orta Aziýa bilen Hytaýyň tanyşlygy XIII asyrdan başlaýar. Mongollar bilen birlikde Orta Aziýa arassa-hytaý simwollary we düşünjeleri giripdir». Dogry, XIII asyryň birinji çärýeginden Orta Aziýa, şol sanda Türkmenistana mongollar bilen türkmen halkynyň durmuşyna giren (dil, däp-dessurlar) täzelikler  barmak basyp sanardan kän. Emma Uzak Gündogaryň beýik döwleti bilen taryhy, medeni, söwda we ykdysady gatnaşyklar arasy kesilmeler bilen mundan iki müň ýyl ozal we ondan hem äňyrrrakdan  dowam edip gelýärdi.

Okap bilersiňiz  Güllerden görklidir türkmen halysy

Görnüşi ýaly binanyň mozaik pannosynyň shemasy gönüden-göni Hytaýdan alnyp ýerine ýetirlipdir?! Bu pikire akademik G.A.Pugaçenkowa hem goşulýar.  Şu ýerde alymlaryň aglaba köpçülügi rus arheology, professor N.I.Weselowskiniň (1848-1918 ýý.) işine salgylanyp, sary aždarhalaryň hökmany  “imperator häkimýetiniň simwoly” bolmalydygy, diňe olaryň bäşbarmakly, beýleki reňdäkileriň bolsa dört barmakly bolmalydygy hakyndaky ylmy taýdan seljerilmedik kesgitlemesine ynanyp geldiler.

Bu ýagdaýy M.A.Mämmedow şeýle teswirleýär: “Awtorlaryň bu we beýleki ýalňyş pikirleri änew metjidiniň arkadanýokardaky timpanyň bezeginde “hytaý ussasynyň” gatnaşanlygy, ýa-da änew aždarhalarynyň “imperator” gelip çykyşlydygy ýaly ösdürlen netijelere getirdi”.

Emma maglumatlary ünsli öwreniňde munyň hakykata laýyk däldigi görünýär.

Ilkinjiden, binanyň portalyndaky aždarhalar sary reňde däl, olar ak-melewşe reňkde we ak düşekde ala-mulaşýar, diňe ýokarky dişelen örküji açyk sary reňki berýär. Belki, çäklendirilen aralykda (timpanlar aždarhanyň guýruk bölegine çenli poldan 10 m. beýiklikde ýerleşýär) aždarhanyň sary reňkli örküjiniň öwüşgüni onuň göwresine düşüp, aždarhanyň tutuş özüniň sary reňklidigi hakyndaky boş hyýaly döreden bolmaly.

Okap bilersiňiz  Jelaleddin Türkmen ýa-da Jelaleddin Meňburny

Änew harabaçylygynda arheologiýa barlaglary geçirilende ýykyndylaryň arasyndan saýlanyp alynan mozaika böleklerinde munyň şeýledigine doly göz ýetirdik. Ikinjiden, şekillendirilýän aždarhalaryň bäşbarmaklylygy olaryň reňkine bagly bolmaýar. Mysal üçin, XVI-XVII asyrlar bilen senelenýän Sankt-Peterburgyň  Döwlet Ermitažynda saklanylýan hytaý farfor gaplarynda bäşbarmakly penjeli, ýöne sary däl-de, goňrumtyl, we hat-da ýaşyl reňkde şekillendirilipdir.

Bu ýerde nemes sungatşynasy J.Gerlhisiň Eýranyň pyýalalarda şekillendirilen, XIV-XV asyrlara degişli çeperçilik sungatyny derňemek bilen, nakgaşyň onda ussatlyk bilen aždarhany suratlandyrýandygy, onuň Hytaýda tälim alandygy hakyndaky boş pikirini getirmekçi. Ýokarda hem nygtaýşymyz ýaly bu pikir geçen asyryň başynda hem aýdylypdy.

Eýýämhaçan, XIV-XV asyryň ortalarynda Orta Aziýanyň we Eýranyň territoriýasynda  ýerli çeperçilik mekdepleri gaýtadan janlanypdy. Muňa merkezi Hyrat şäheri bolan türkmen-horasan mekdebi mysal bolup, onuň diwarlarynda tälim alan nakgaşlaryň aždarhalary şekillendirmekde öz hususy çeperçilik ýordumy (stil) hem-de täri ýüze çykypdy. Bu mekdebiň görnükli wekili, ajaýyp miniatýuraçy Kemal ed-Din Behzadyň (1455-1536 ýý.) galamyndan bu sungatyň nijeme meşhur nusgalary döräpdi.

Okap bilersiňiz  Daşary işler ministrligi: Gaýragoýulmasyz Telefon Nomerler

Şu ýerde aždarhalaryň şekillendiriş sungatynda galdyran yzlaryna syn bermekçi.

«Ensiklopedik sözlükde»:“Ol (ýagny, aždarha-B.A.) Gündogar halklarynyň (türkmen, özbek, täjik, azerbeýjan, eýran, owgan) folklorynda, ertekilerinde we rowaýatlarynda ynsany gyrýan elhenç ýylan hökmünde agzalýar” diýlip, teswirlenilýär. Anyk aýdanymyzda aždarhalar adaty ýylan görnüşinde beýan edilip, ynsan hyýalynda döredilen fantastik jandardyr. Mysal üçin, rus ertekisi “Змей горинчда» (bu ertekiniň mongollaryň Russiýany basyp alanlarynda hytaýyň katapultlaryny ulanandyklary bilen baglanşykly dörändigi anyklanyldy) ynsan bilen aždarhanyň kä halatlarda deň bolmadyk gapma-garşylygy çeperçilikli berilýär.

Käbir rowaýatlarda aždarhalar adamlary hazyna göýbermeýän, folklorda çöldäki guýularyň, ýa-da dag çeşmeleriniň,bol suwly derýalaryň gözbaşyna golaýlaşdyrmaýan, ynsanlary suwdan mahrum edýänligi hakynda beýan edilýär.

Rus arheology W.A.Şişkin meşhur Warahşa uzak ýyllaryň dowamynda barlaglary geçirip, onuň diwarlarynda (bezegli panno) hem-de keramikasynda aždarhalaryň şekilini derňeýär. Hususan-da, alym şeýle teswirleýär: “Nägahan (ýagny, aždarha-B.A.) bu ýerde iki bölekde berilýär: aždarhanyň kellesiniň şekili. Olaryň ilkinjisi nägahany agzy açyk ýiti dişli edip görkezýär. Onuň kellesinde öňe egrelinen kiçiräk şah bar. Gulaklary tüýiň böleklerini aňladýan uzyn egri saçly boýnuna tarap gysylan. Duluklary üçburç sakgal bilen çarçuwalanan”.

Mundan iki müň ýyl ozal aždarhalar parfiýaly goşunlaryň söweş nyşanlary bolupdyr. Biziň eýýamymyzyň başlaryna degişli Köne Nusaýdan tapylan parfiýan möhüründe (ottisk) aždarhanyň şekili çekilipdir. Biziň çuňňur ynanjymyza görä şu maglumatlar örän üns  bererlikdir. Ilkinji nobatda bellenmeli ýagdaý, Günorta Türkmenistanyň territoriýasynda aždarhalaryň ilkinji yzlary biziň eýýamymyzdan ozalky V-III müňýyllyklarda gabat gelen bolsa, onda bu maglumatlara özakymlaýyn ýagdaýda tä XV asyryň ortalaryna çenli gabat gelinýär.

Aždarhalaryň şekiliniň başgarak görnüşlerine hem duşmak bolýar. Mysal üçin, Siriýadaky gadymy Biblos (arapça ady  “Jebel» ) şäherinde saklanyp galan köşgüň harabalaryndaky aždarha öz guýrugyny iýýän görnüşde şekillendirilip, onuň simwolikasyny düşündirmek örän kyn.

“Ajaibul-Mahlýukat” atly pars ýygyndysynda aždarhalar ömrüniň agramly bölegini suwda (deňiz) geçirýän, kä halatlarda bolsa suwdan çykyp, belent daglaryň çür başyna galyp bulutlaryň çygly, ajaýyp howasyndan lezzet alýan äpet jandarlar hökmünde häsiýetlendirilýär.

Okap bilersiňiz  Türkmenistanda ygtyýarlandyrmak işi kämilleşdirilýär

IX asyr bilen senelenýän Köne Nusaýdan tapylan pyýalanyň düýbünde “atgörnüşli”  aždarhaň şekili ýerleşdirilipdir. Onuň bilen döwürdeş Afrasiab (Samarkant) pyýalasynda hem şu görnüşli jandar çekilip, onuň göwresi tegmilli atyňky, boýy žirafo görnüşli uzyn, gulaklarynyň ujy bolsa ýiti bolup, çünki guşuňka çalymdaş. Ol özüniň ýumşak üçýaprakly guýrugyny dişleýän şekilde ýerine ýetirlipdir.

Okap bilersiňiz  GDA-nyň Ykdysady Geňeşiniň mejlisi

Biziň wagtymyzda Samarkandyň Taryh muzeýinde hemişelik ekspozisiýada saklanylýan bu pyýala hakynda ilkinji bolup baryp XX asyryň başlarynda Samarkantda gazuw işlerini alyp baran görnükli arheolog W.L.Wýatkin “atgörnüşli” aždarhalaryň keşbiniň Orta Aziýanyň şekillendiriş sungatynda örän gadymdan bäri aýandygyny teswirleýär.

Hyrat mekdebiniň nakgaşlarynyň eserlerinde aždarhalar aşakdaky häsiýetleri bilen tapawutlanýar: onuň göwresi inçeden çeýe bolup, inçejik boýnuna nepislik bilen çyzyklanyp çekilen agzy açyk kelle goýulan, ýokarky äňi gaňtarylan çüňke meňzeýär, äňiniň aşagyndaky sakgaly ýeňsesindäki saçlary bilen howada galgaýan görnüşe eýedir.  XV asyrda aždarhalaryň hyrat ikonografiýasynda şekillendirilmeginiň az ähmiýete eýe bolmadyk tapawutly aýratynlygyny bellemekçi. Ýagny, kellesiniň örän  gapdal şekillendirilendigine garamazdan, iki gözleriniň hökmany çyzyklary kähalat-da dörtden bir taraba, kähalatlarda bolsa düýbünden göni görünýär. Taryhçy M.A.Mämmedowyň maglumatlaryna görä Berliniň Döwlet kitaphanasynda saklanylýan XV asyryň hyrat mekdebine degişli bolan iki miniatýurdaky aždarhalar we teýmirler wagtynyň esgeri şu kompozisiýada ýerine ýetirilipdir.

Iň soňunda bellenmeli delil Änewdäki aždarhalar hem hut şu görnüşe eýe bolup, olaryň ikonografiýasy boýunça awtorynyň ýerli, ýagny, Horasanyň, anyk aýdanyňda Etegiň çeperçilik mekdebinden çykan nakgaşdygyna hiç-hili şübhe döretmeýär. Aslynda  bu ýadygärlikdäki aždarhalarda diňe ýerli hem-de Merkezi Aziýanyň gündogar welaýatlaryndan getirilen çeperçilik-ikonografik stiller däl-de, eýsem, mifiki-ideologik garaýyşlar eriş-argaç geçipdir. Müňýyllyklaryň dowamynda ýerli halkyň arasynda konserwatiwlik bilen saklanyp galan hasyllylygyň nyşany bolan süýrenjileriň keşbi, XIII asyryň ikinji ýarymyndan soň täze hilleri bilen baýlaşyp, özüniň dolulygy bilen açylypdyr.

Seýitjemaleddin ýadygärligindäki aždarhalarda gadymy Baktriýada we Margianada örän meşhur, zeminiň astyndan ýokary çykyp, çeşmeleri çogduryp, asyrlaryň dowamynda bez bolan Ene Topragy suwa ýakýan ýylanlaryň keşbini görmek bolýar. Şol bir wagtyň özünde, olaryň penjeleri, örküji we kellesi uzakgündogar ýagyş ýagdyrýan aždarhalary ýatladyp, olaryň bu keşbi aýratyn-da, Orta Aziýany we Demirgazyk Horasany basyp alan ilkinji çingizidler, soňlugy bilen teýmirler üçin söýgüli jandar bolupdyr.

Bäşim ANNAGURBANOW,

arheolog

Okap bilersiňiz  Çagalygym bilen ýüzbe ýüz

IŇ TÄZE HABARLAR

Saýlaw möwsümi başlaýar : Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň agzalarynyň saýlawlary

Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparda ýurdumyzyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň agzalarynyň birinji saýlawlaryna taýýarlyk görmek meselelerine bagyşlanan mejlis geçirildi. Oňa Merkezi...

Türkmenistanyň Prezidenti Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň täze saýlanan Prezidentini gutlady

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan hem-de hut öz adyndan jenap Jozef Baýdene Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Prezidenti wezipesine saýlanmagy mynasybetli gutlagyny...

“Akyl-paýhas sandyklary” diýen durnukly aňlatma hakynda

“Mugallymlar güni we hepdesi” baradaky makalamyza dowam edýäris. 1.10. Ady agzalan türkmen romanyndaky “Akyl-paýhas sandyklary” diýen durnukly aňlatma hakynda gysgajyk maglumat Sagdyn düşünje sapaklaryna geçmezden...

Intellektual Telekeçi: Peýdaly bolýan wagtyň gazanmak

Gazanç  gazanmak maksady bilen biznese baş goşýan, bazardaky haýsyda bolsa bir  kemçiligi aradan aýyran we töwekgelçilik eden şahsa telekeçi diýilýär. Telekeçilik işini ýa-da bu...
- Advertisment -
- Advertisment -
- Advertisment -
- Advertisment -

KÖP OKALÝAN

Ýaponiýanyň ilçisi resmi taýdan işe girişdi

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ýaponiýanyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi jenap Ýamamoto Hiroýukini kabul etdi. Ol döwlet Baştutanymyza ynanç hatyny...

Türkmenistan bilen Owganystan täze aragatnaşyk ulgamy bilen birleşer

Türkmenistan bilen Owganystan Yslam Respublikasynyň arasynda çekilýän optiki süýümli aragatnaşyk ulgamynyň täze bölegi ulanmaga berilmäge taýýar edildi. Bu barada Türkmenistanyň we Owganystan Yslam Respublikasynyň...

Çempionlar ligasynyň nobatdaky duşuşyklary

Futbol sportunda çempionatlaryň dowamynda oýunçylar wagtal-wagtal öz futbol milli ýygyndylarynda oýun geçirmeli bolýarlar. Şu nukdaýnazardan futbol äleminde futbol çempionatlaryň öňdebaryjysy hasaplanylýan Çempionlar ligasy gaýdyp...

“Samsung”-dan täze funksiýa garaşylýar

Häzirki wagtda akylly telefonlaryň ulanyjylary, özleriniň telefonlarynda barmak yzy skaneri ýa-da paroly bolmazdan ýüzüni çalt açyp bolýan funksiýa öwrenişdi. Indi bolsa dünýä belli “Samsung”...